“Habertürk” gazeti, “Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyrynyň anyk netijeleri belli boldy” söz başyly habarynda, Ýokary saýlaw geňeşiniň başlygy Ahmet Ýeneriň, 28-nji maýda geçirlen prezident saýlawynyň 2-nji tapgyrynyň anyk netijeleri barada maglumat berendigini ýazýar.
Ýener, “Prezidentlige saýlanan R. T. Erdogan sesleriň 52,18, Kemal Kylyçdaroglu 47,82 göterimini aldy”diýdi.
“Hürriýet” gazeti, “Çawuşoglundan Şwesiýa çagyryş” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň, Şwesiýanyň NATO agzalygy meselesinde “Üçtaraplaýyn teswirnamanyň jogapkärçiliklerini ýerine ýetiriň we terrora garşy içgin göreş alyp baryň” diýip çagyryş berendigini mälim edýär.
“Star” gazeti, “133 ýurt Türkiýe diýdi” söz başyly habarynda, 2022-nji ýylda türk firmalarynyň 133 ýurtda 19,1 milliard dollarlyk taslamany durmuşa geçirendigini habar berýär. Türk firmalary esasan Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna agza ýurtlarda we Ýewropada uly işleri durmuşa geçirdi.
“Ýenişafak” gazeti, “Saýlawdan soň Russiýadan Türkiýä geljekleriň sany artdy” söz başyly habarynda, Türkiýede 28-nji maýda geçirlen prezident saýlawynyň 2-nji tapgyryndan soň Russiýadan dynç almak üçin Türkiýä gelmek isleýänleriň sanynyň artandygyny aýan edýär.
Russiýanyň Gezelenç operatorlary bileleşigi ATOR, Türkiýedäki saýlawdan soň Türkiýede dynç almak isleýänleriň sanynyň 50 göterim artandygyny mälim etdi.
“Sabah” gazeti, “Antalýa gelen syýahatçylaryň sany artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň syýahatçylygyň jenneti hökmünde bilinýän Antalýa gelýän syýahatçylaryň sanynyň gün saýyn artýandygyna ünsi çekýär. Şähere üstümizdäki ýylyň başyndan bäri howa ýoly arkaly 3 million 405 müň 458 syýahatçy geldi