“Haber Türk” gazeti “Erdogan: “Bu pespäl hüjüm Türkiýäniň ygrarlylygyny berçinledi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn BRİKS-iň sammitinde sözlän sözünde paýtagt Ankarada “TUSAŞ-yň” Kahramankazandaky kompleksinde guralan terror hüjümi hakynda; “Bu pesläl hüjüm Türkiýäniň terrory ýok etme gaýratyny we ygrarlylygyny hasam berçinledi” diýendigini ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “Ministr Ýerlikaýa “TUSAŞ-a” hyýanatçylykly hüjüm guran terrorçylaryň şahsyýeti hakynda maglumat berdi” söz başyly habarynda, Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň “TUSAŞ-a” guralan terror hüjüminde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň şahsyýetiniň anyklanandygyny aýdandygyny ýazýar. İki terrorçynyň hem PKK terror guramasyna agzadygy anyklanyp, erkek terrorçynyň “Rožger” kodly Ali Örek, zenan terrorçynyň bolsa Mine Sewžin Alçiçekdigi anyklandy.
“Star” gazeti “Kurtulmyş: “arka durýan güýji bilýäris”” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmyşyň “TUSAŞ-a” guralan terror hüjümi hakynda “Kim, haýsy maksatnamasyny düzse düzsün, biz maksadymyzdan el çekmeris. Terrora asla boýun egmejekdigimizi ýene-de bir gezek yglan edýärin. Bu hüjüm tötänleý däl. Hüjüme arka durýan güýji bilýäris” diýen sözlerini çap edýär.
“Watan” gazeti “2-si ýokary derejeli 59 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda 47 terror pozisiýasynyň ýumrulan howa operasiýasynda ilkinji kesgitlemelere görä 2-si ýokary derejeli jemi 59 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini ýazýar.
“Sabah” gazeti “TUSAŞ-daky terror hüjümine dünýäden reaksiýalar: Türkiýäni goldadylar” söz başyly habarynda, paýtagt Ankarada guralan terror hüjümine dünýäniň ençeme ýurdunyň reaksiýa bildirendigini mälim edýär.Ençeme ýurt Türkiýäni goldady we duýgudaşlyk bildirdi.
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew çap eden duýgudaşlyk ýüzlenmesinde Erdogana duýgudaşlyk bildirdi.Britaniýa, Germaniýa, Awstriýa, Demirgazyk Makedoniýa, Bolgariýa, Kosowa, Albaniýa, Bosniýa-Gersegowina, Eýran, İordaniýa, Palestina, Liwiýa, Gazagystan we Pakistan hem terror hüjümini ýazgaryp, beýannama berdi.