Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Türkiýe potratçylyk pudagynda ikinji orunda” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýäniň güýçli pudaklarynyň arasynda potratçylygyň bardygyny beýan edip; “Hytaýdan son firma sany boýunça ikinji orunda durýarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Türk harytlarynyň barmadyk ýurdy galmady” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň eksportda gazanylan üstünlige ünsleri çekendigini ýazýar. İndi türk harytlarynyň barmadyk ýurdy galmandygyny aýdan Erdogan; “Eksporty 36 milliard dollarda 256 milliard dollara ýetirdik” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe bilen Şwesiýanyň arasyndaky Howpsuzlyk mehanizminiň maslahaty yza süýşürildi” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Şwesiýanyň arasynda düýn Ankarada geçirilmegi meýilleşdirilen Howpsuzlyk mehanizminiň maslahatynyň şwed ministrini getirýän uçaryň döwülmegi sebäpli yza süýşürilendigini mälim edýär. Şwesiýanyň Daşary işler ministrligi maslahatyň wagtynyň gaýtadan kesgitlenjekdigini beýan etdi.

“Watan” gazeti “Türkiýäniň güm ulgamy Ysraýyl üçin ýapyk” söz başyly habarynda, Söwda ministrliginden berilen beýannamada; “Ysraýyla eksport ýa-da import üçin bellige alynan gümrük beýannamasy hem-de Ysraýyldan ýurdumyza hiç hili ýük daşalmaýar” diýilýändigini okyjy köpçliginiň dykgatyna ýetirýär. Ministrlik Ysraýyl üçin gümrük ulgamy ýapykdygyny habar berdi.

“Star” gazeti “Türkiýe-Müsür gatnaşyklarynyň kadalaşmagy Liwiýa üçin hem bähbitli” söz başyly habarynda, Liwiýanyň Wekiller Mejlisiniň Başlygy Akila Salihiň ýurdundaky düşnüşmezligiň çözülmegi üçin Türkiýe bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyny özleri üçin bähbitli hasap edýändigini aýdandygyny ýazýar. Salih Türkiýe-Müsür ýakynlygynyň Liwiýadaky daşary ýutrly güýçleriň çekilmegini hem ýeňilleşdirjekdigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary
Türk metrbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny