Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny

“Watan” gazeti “Prezident Erdogan Kazyma duýgudaşlyk bildirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Yragyň Premýer-ministri Mustafa Al Kazyminiň öýüne guralan terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýandygyny beýan edip, “Türkiýe Respublikasy terrorizme garşy alyp barýan göreşiňizde size bolan güýçli goldawyny dowam etdirmekde ygrarlydyr” diýip, nygtandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Şentop: Türkiýe Liwiýany goldamaga dowam eder” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopuň “Türkiýe şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan beýläk hem gerek bolan halatynda ähli ugurlarda Liwiýany we liwiýaly doganlarymyzy goldamaga dowam eder” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “SONGAR çarpaýa galdy!Talaplar artýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji ýaragly dron ulgamy “SONGAR-yň” eksport boýunça işleriniň depginini güýçlendirendigini mälim edýär. “Asisguard” firmasynyň Ýolbaşçysy Mustafa Baryş Düzgüniň “SONGAR-y iki ýurda eksport etdik. Üç ýurt bilen gepleşiklerimiz dowam edýär. Şertnama baglaşmak üçin taýarlyklar dowam edýär. Ýagny aslyna seredilende isleg ýokary, teklip hödürleýän ýurtlarymyzyň sany artýar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär.

“Sabah” gazeti “ÝB-Modex Meýdan Türgenleşigi ilkinji gezek Türkiýede geçiriler” söz başyly habarynda, ÝB-niň Raýat goranyş mehanizmi tarapyndan guralýan tebigy apatlardan we ýer titremesinden soň gözleg-halas ediş we bejergi usullary boýunça ÝB-Modex Meýdan Türgenleşiginiň ilkinji gezek Türkiýede geçiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär.

Tekirdag welaýatynda geçiriljek türgenleşige Fransiýadan, Awstriýadan, Ispaniýadan, Italiýadan, Bolgariýadan, Gresiýadan we Türkiýeden 1715 adam gatnaşar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe öý-hojalyk tekstik önümlerini 180 ýurda eksport edýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň öý-hojalyk tekstili senagatçylary we Işewürleri jemgyýetiniň başlygy Hasan Hüseýin Baýramyň 180 ýurda ýylda 3,5 milliard dollara barabar eksport edýän pudagyň, kilogram başyna eksport gymmatnyň 8 dollardan geçip, milli girdejä goşant goşýan pudaklardan birine öwrülendigini aýdandygyny ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türk metrbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýäniň Iň Gowy 100 Portunyň Arasynda 4 Türk Porty Ýer Aldy
Baýraktar AKYNJY 3000 Libr Ýük Bilen 13 Sagat Uçdy