Türk metbugatynyň ýazmagyna görä, Stambulyň Esenýurt etrabynda işe gitmek üçin öýünden çykan öňki söýgülisiniň kükreginden pyçaklan hüjümçi Bekzod H. polisiýa işgärleriniň tagallasy bilen tutuldy.
Söýgülisiniň ýaşaýan jaýynyň ýerzemininde gizlenip, oňa hüjüm eden Bekzod H. polisdäki ilkinji soragynda öňki söýgülisiniň özüne 20 müň lira ( 2 müň dollardan gowrak) karzynyň bardygyny we ony yzyna bermändigini aýtdy.
Bu waka 23-nji sentiýabrda ir sagat 10 töweregi Esenýurt etrabynda boldy we Bekzod H. 30 ýaşyndaky öňki söýgülisi Rahatoy A-niň ýaşaýan jaýynyň ýerzemininde gizlendi.
Ol bukulan ýerinden çykyp, işe gitmek üçin basgançakdan düşýän öňki söýgülisiniň saçyndan tutup, daşary çykardy we kükreginden pyçaklady. Hüjümçi wakadan soňra gaçýarka, ol ýerä polisiýa, saglyk işgärleri geldi.
Rahatoýa ilkinji saglyk kömegi berlensoň,keselhana ýerleşdirildi we onuň saglyk ýagdaýynyň gowydygy habar berilýär.
Esenýurt etrabynyň polisiýa bölüminiň jemgiýetçilik howpsuzlygy edarasynyň işgärleri wakanyň bolan ýeriniň töweregindäki kameralary ýygnap,hemmesini barladylar.
Soňra Bekzod H-niň Esenler etrabyna gaçandygy anyklandy.
Polisiýa işgärleriniň tagallasy bilen hüjümçi tutuldy we onuň polisiýa merkezindäki işleri dowam edýär diýip türk metbugaty ýazýar.
***
Ýenede türk metbugatynyň beren habaryna görä, Tekirdag şäheriniň Malkara etrabynda ýeňil söwda ulagy motora baryp uranda, bir adam öldi we başgada 2-si ýaralandy.
Bu ýol heläkçiligi Malkara-Keşan gara ýolunda boldy.
Ýeňil söwda ulagynyň 54 ýaşly sürüjisi Süleýman Ýyldyz başga bir ulagyň gysyşdyrmagy sebäpli, 72 ýaşly Fikri Sarikaýanyň sürüp barýan sansyz motoryny güýçli urmagy netijesinde, motor agdarylyp, gara ýoluň gyrasyndaky demir germewleri aşyp, agaçlaryň arasyna düşdi.
Ulagyň motory güýçli urmagy netijesinde Süleýman Ýyldyz, Fikri Sarikaýa we onuň motorynyň arkasynda otyran 36 ýaşly, Türkmenistanly Şiri Ýazyýew ýaralandylar.
Habar berilenden soňra, ol ýerä saglykçylar, polisiýa, jandarma we ýangyn söndürijiler bardy.
Olar Malkara döwlet hassahanyna eltildi we lukmanlaryň eden ähli aladasyna garamazdan, motoryň sürüjisi, 72 ýaşly Fikri Sarikaýa aradan çykdy.
36 ýaşly, Türkmenistanly Şiri Ýazyýewiň fabrikada garawul bolup işleýändigi belli boldy.
Ýol heläkçiligine sebäp bolan ýeňil söwda ulagynyň 54 ýaşly sürüjisi Süleýman Ýyldyz keselhanadaky ýeňil bejergiden soň tussag edildi diýip türk metbugaty ýazýar.The post Türk metbugatyna syn first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.