Türk metbugartynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugartynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: terroristana ýol bermeris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyn Siriýanyň demirgazygyny basyp alan terror guramasy PKK/ÝPG-niň geçirjekdigini yglan eden ýerli saýlawyna reaksiýa bildirendigini ýazýar. Erdogan: “Türkiýe günorta sderhetleriniň ýanynda ekstremist guramanyň terroristan gurmagyna ýol bermez” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Hakan Fidan Blinken bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Çeh Respublikasynyň paýtagty Pragada ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşandygyny mälim edýär.

Duşuşykda Gazada hüjümleriň bes edilmegi boýunça gepleşikler we iki döwletli çözgüt tapgyry hakynda pikir alyşyldy.Siriýadaky soňky wakalar seljerildi we Ukrainada hakynda pikir alyşylan duşuşygynda Afrika ýurtlaryndaky çaknyşyklar we düşnüşmezlikleriň çözülmegi boýunça geňeşmeler geçirildi.

“Star” gazeti “Türkiýeden ABŞ-na ýüzlenme: F-35-ä zerurlylygymyz bolmaz” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Goranyş komissiýasynyň Başlygy Hulusi Akaryň “F-35 harby uçarlaryna zerrurlygymyz bolmaz” diýen sözlerini çap edýär. Akar: “F-35-e alternatiw boljak hem beýleki dost, ýaran ýurtlar bilen hem-de ýerli we milli serişdelerimizi mobilizläp zerurlyklarymyzy kanagatlandyrjak taýýarlyklar ýokary depginde dowam edýär” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti: “EFEF-2024 Türgenleşigi görenleri haýran etdi” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleriniň iň uly bilelikdäki türgenleşiklerinden biri bolan “EFES-2024” türgenleşiginiň üstünlik bilen tamamlanandygyny mälim edýär. İzmiriň Seferihisar etrabyndaky türgenleşige 45 ýurtdan 11 müňe barabar harby gullukçy gatnaşdy.

“Sabah” gazeti “Türk aşhanasyna gyzyklanma artýar” söz başyly habarynda, türk aşhanasyna bolan gyzyklanmanyň günsaýyn artýandygyna ünsleri çekýär. Soňky ýyllarda Stambul, İzmir we Bodrum ýaly destinasiýalar “GastroSiti” hökmünde öňe saýlanýar. Türkiýede syýahatçylyk girdejisi 12 göterim artyp, 56 milliard dollara barbar boldy. İýmitlenme harajatlary jemi girdejide 19 göterime barabar artdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny