Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Kandilde 5 PKK terrorçusy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň Yragyň demirgazygyna gurealan harby howa operasiýasynyň netijesinde Kandil etrapçasynda 5 PKK terrorçusynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Galkynyş ýoly ğüçin Yrak sapary” söz başyly habarynda, Söwda minstri Ömer Boladyň hem ykdysady gatnaşyklary ösdürmek hede “Galkynma ýoly” taslamasy hakynda pikir alyşmak üçin şu gün Yrakda möhüm duşuşuklar geçirýändigini ýazýar. Yrak we Türkiýe söwda gatnaşyklarynyň amala aşyryljak ýolunyň başda durmagynda gurulmaly infrastruktura desgalary we beýleki degişli taslamalary seljerýär.

“Sabah” gazeti” “Träze ylmy merkezler açylar” söz başyly habarynda, Senagat we wehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyryň ýylyň ahyryna çenli 2 sanysy Stambulda jemi 5 sany ylmy merkezi açjakdyklaryny beýan edip; “Şeýlelikde ýurdumyzdaky ylmy merkezlerimizi sany 40-a ýeter” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Uralogly: Ýerli tehnologiýamyz ulanmaga berildi” söz başyly habarynda, Ulaglar we insfrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň türk inženerleri tarapyndan düzülen ilkinji ýerli we milli howa gatnaw yzarlaýyş tilsimaty “İnteraktiw radar analiz we Maglumat ekranynyň” Çukurowa we Stambulyň Atatürk adyndaky howa menzillerinde ulanylmaga başlanandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “DKTR-nyň garaşsyzlygyny 41-nji ýyllygy bellenilip geçildi” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň garaşsyzlygynyň 41-nji ýyllygyna bagyşlanyp berilen banketler we çäreler bilen hem Germaniýanyň paýtagty Berlinde hem-de Britaniýanyň paýtagty Londonda bellenilip geçilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär.

Ýene degişli makalalar

Terrorçy Ýaşar Çekik Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türkmen çagalar baglarynda türk multfilmleriniň, özbek TW-sinde türk seriallarynyň çäklendirilmegi
Türkmenistanda dünýäniň iň uly däne elewatory gurlar
Türkmen geologlary täze agyz suw ýataklaryny tapdylar
Agyz suwunyň täze gözbaşlary açyldy
27.10.2020 | Gurluşyk-senagat toplumy