Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe Eýrana soňky duýduryşy berdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň terror guramasy PKK/ÝPG-ä dron we raketa geçirýän Eýrana duýduryş berendigini ýazýar. Eýranly resmiler bilen Yragyň Süleýmaniýe şäherinde duşuşan türk resmileri, eýranlylaryň dron we raketa geçirýändiklerini kabul etmänden soň, delilleri görkezdiler. Eýran PKK ýene-de bir gezek şeýle goldaw beren halatynda Türkiýäniň kanuny nyşanasy bolar.

“Haber Türk” gazeti “Stambul howa menzilinde täze rekord” söz başyly habarynda, Stambul howa menziliniň 30-njy iýunda ähli döwürleriň iň ýokary ýolagçy sanyna ýetip, rekord goýandygyny mälim edýär. Howa menzilinde 30-njy iýunda halkara uçuşlarda 205 müň 724, içerki uçuşlarda 62 müň 554, jemi 268 müň 275 ýolagçynyň gatnadylandygyny ýazýar.

“Watan” gazeti “Türkiýäniň wekiliýeti tehnologiýa bazasyna baryp gördi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Senagat, söwda, energetika, tebigy serişdeler, maglumatlar we tehnologiýa komissiýasynyň Hytaýda tehnologiýa firmasy “Huaweiniň” desgalaryna baryp görendigini mälim edýär. komissiýanyň Başlygy Mustafa Warank, gelejekki ýyllarda Hytaýyň firmalarynyň Türkiýe bilen has ýakyndan gyzyklanjakdyklaryny aýtdy.

“Star” gazeti “Merkezi bankyň ätiýaçlary artýar” söz başyly habarynda, Hazna we maliýe ministri Mehmet Şimşegiň Türkiýä maýa akymynyň güýçlüdigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Ministr Şimşek mart aýyndan bäri Merkezi banka 78 milliard dollar ätiýaç serişdäniň gelendigini beýan etdi. Şimşek “Merkezi bankyň ätiýaç ýeterliliginde tas islenen derejä ýetdik” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Maýk Taýson Türkiýäni goldady” söz başyly habarynda, ähli döwürleriň iň başarjaň boksçylaryndan biri bolan Maýk Taýsonyň EURO 2024-de türk milli ýygyndysyny goldandygyny ýazýar. Maýk Taýson Berlinde özi üçin ýörite öndürilen türk baýdakly we tugraly elliklerine goluny çekdi. Taýson gol çeken elliklerinden birini türk milli ýygyndysyna sowgat etjekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny