Asly Türkmenistanly 49 ýaşly, Batyr Ametow Türkiýäniň Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynda ýüregine pyçak urlan şekilde öli tapyldy diýip türk mediasy ýazýar.
Ortakent-Ýalikawak gara ýolunda agaç materiallaryny öndürýän ýerde işleýän Batyr Ametow duşenbe güni işe barmady. Bu ýagdaýdan şübhelenen kärdeşleri onuň ýaşaýan konteýnirine gitdiler. Olar Batyry ýüregine pyçak urlan şekilde ýüzüsti ele saldylar. Bu ýagdaý polisiýa we saglyk işgärlerine habar berildi. Mundan soň gelen saglyk topary gözegçiliginden soňra Ametowyň ýogalandygyny mälim etdiler.
Iki gün mundan owal işe başlan Batyr Ametowyň jesedi prokuroryň barlagyndan soňra Mugla Kazyýet Lukmançylyk ölühanasyna alynyp gidildi. Sorag etmelere başlan polisiýa Ametowyň ölüminiň öz janyna kast etme-mi ýa jenaýatdygy barada barlagyny dowam edýändigi bildirildi diýip türk mediasy ýazýar.
***
“Sözçü” neşiriniň ýazmagyna görä, 2022-nji ýylyň iýulyna çenli 4 müň 782 Türkmenistanly Türkiýäniň raýatlygyny alypdyr.
Bu barada “Zafer” partiýasynyň başlygy Umit Özdag aýdýar.
Özdagyň sözlerine görä, iýula çenli 1 milýon 476 müň 368 Siriýala, 64 müň 540 Yrakla, 56 müň 385 Eýranla, 14 928 Azerbeýjanla, 3 müň 831 Özbegistanla, 37 müň 813 Owganystanla Türk raýatlygy berildi diýip neşir ýazýar.
***
Erzinjan welaýatynda FETÖ-niň hüjre jaýynda geçirilen amalda iki kişi tutuldy.Welaýatyň polisiýa müdirýetiniň terrora garşy göreşýän bölüminiň we Aňtaw bölüm müdirýetiniň bilelikde işlemegi hem uzak wagtlap tehniki, fiziki gözegçiligi netijesinde FETÖ/PDY agzasy hökmünde gözlenýän iki şübheliniň “gaýbubet öýi” atlandyrylýan hüjrelerde gizlenendiginiň üsti açyldy diýip türk metbugaty habar berýär.
11-nji awgustda hüjre öýlere gurnalan amalda toparyň howpsuzlygy we hususy gurluşynyň çäginde Stambul polisiýa mekdeplerine jogapkär ymam hökmünde işleýän A.E.T. bilen FETÖ/PDY-niň daşary ýurt okuw gurluşlarynyň Türkmenistanda uly hususy ymamy hökmünde işleýän mundan başgada, Jeza çäresi edarasynyň işgärlerine hususy ymamlyk edendigi öwrenilen M.S.T. tutuldy.
12-nji awgustda iki şübheli Erzinjan baş jemgyýetçilik prokuraturasy tarapyndan ýapyk jeza türmesine tabşyryldy diýip neşir ýazýar.The post Türk mediasyna syn first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.