Türk mediasyna syn

Türk mediasyna syn

Türk metbugatynyň ýazmagyna görä, Sakarýa sebitinde agdarylan awtoulagdaky Türkmenistanly ýaş zenan aradan çykdy we onuň adamsy, ekiz bäbekleri şikes aldylar.

D-650 garaýolda Garasudan Adapazara barýan awtoulagyň sürüjisi 41 ýaşly Türkmenistanly N.A-niň 41 AGH 637 kysymly ulagy gözegçilikden çykyp, ýoluň gyrasyndaky demir germewlere urup agdaryldy.

Onuň Türkmenistanly 41 ýaşly gelini we ekiz bäbekleri S.N, S.N.A dagy şikes aldylar.Habar berilmegi netijesinde wakanyň bolan ýerine tiz kömek”, ýangynçylar we polisiýa geldiler.

Ferizli döwlet hassahanasyna ýerleşdirilen 41 ýaşly ene lukmanlaryň tagallasyna garamazdan, aradan çykdy. Saglygy bejerilýän adamyň we ekiz bäbekleriniň ýagdaýlarynyň gowudygy habar berildi diýip türk mediasy ýazýar.

__________________________

Stambulyň Awçylar etrabynda Türkmenistanyň raýaty (ady agzalmaýar) ýasama 100 dollar bilen töleg edip, 500 liralyk haly we pulunyň gaýtargysyny lirada alypdyr diýip türk mediasy ýazýar.

Satyjy Halili Atmaja 100 dollar alyp, haly satandan soňra dükanyň eýesi Kazim Kaýa dollaryň galpdygyna göz ýetirdi. Ol kamera ýazgylaryny polisiýa berip, galp dollar satandan şikaýatçy boldy.

“Ol özüni gaty sada alyjy hökmünde görkezi, bizin ynamymyzy gazandy.Ynandyk we 100 dollaryň gaýtargysyny hem berdik.Biz aldandyk we başgalary aldanmasyn” diýip ol aýdýar.

Awçylar polisiýa müdirligi soraglara başlady diýip türk mediasy ýazýar.The post Türk mediasyna syn first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Yragyň demirgazygynda iki esger şehit boldy
Ýewropa Bileleşigi Ukraina goldaw bermäge dowam eder
Türkiýe Gruziýa Goldawyny Dowam Etdirýär
Estoniýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň kiberhowpsuzlyk boýunça mejlisini geçirer
Türkiýe, Ýewropa Göreş Çempionadyny 8 Medal Bilen Tamamlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny