Türki Döwletleriniň Guramasynyň (TDG) Ýaşulylar Geňeşiniň başlygy Ýyldyrym Binaliniň aýtmagyna görä, Türki Döwletleriniň umumy söwdasynyň möçberi 550 milýard dollara deň.
”Emma, olaryň bary-ýogy 2,8 milýard dollary özaramyzda aýlanýar, ýagny,biziň özara söwdamyz umumy söwdanyň 3 göterimine hem ýetmeýär” diýip Binaliniň aýdandygyny türk mediasy ýazýar.
“2022-nji ýylda Türk Dünýäsiniň Medeni paýtagty” Bursa şäherindäki bir myhmanhanada geçen duşuşykda türki dilli döwletleriniň bagyny hasam berkitmek üçin Türk Döwletleriniň Ombudsmanlar Bileleşigi döredildi.
Ýyldyrym Binali TDG-niň şu ýylyň noýabrynda Özbegistanda geçjek sammitinde häzir synçy durumyna eýe Türkmenistanyň gurama doly agza boljakdygyna garaşýandyklaryny hem belledi.
“Bu gün Türki Döwletleriniň Guramasyna agza ýurtlarda 170 milýon adam ýaşaýar. Bäş milýon kilometrlik jugrafiýada ýerleşýän türki döwletleriniň jemi önümçiligi 1,5 trilýon dollara deň bolup,ol dünýäniň 12-nji iri ykdysadyýetini düzýär”diýip Ýyldyrym Binali aýdýar.
Bu duşuşykda TDG-niň baş sekretarynyň kömekçisi Mirwohid Azimow, Azerbaýjanyň Ombudsmany (adam hukuklary boýunça ýörite wekili) Sabina Aliýewa, Gazagystanyň adam hukuklary komissary Elwira Azimowa, Gyrgyzystanyň Ombudsmany Atyr Awdyrahmatowa we Özbegistanyň Ombudsmany Feruza Eşmatowa dagy çykyş etdiler.
Mundan soňra TDG agza döwletleriň wekilleriniň gol goýmak dabarasy bilen türki döwletleriniň Ombudsman bileleşigini döretmek baradaky işler tamamlandy diýip türk mediasy ýazýar.
Ýeri gelende bellesek,10-njy martda Ýyldyrym Binali Aşgabada sapar edende, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we DIM Raşid Meredow bilen duşuşypdy.
Öňki prezident Berdimuhamedow TDG-niň Ýaşulylar Geňeşiniň agzasy boldy diýip 15-nji aprelde guramanyň saýtynda сайте habar berilipdi.
2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda TDG-niň Stambulda geçen ýokary derejeli sammitine ilkinji gezek gatnaşan Türkmenistan synçy agza durumyny alypdy.
Türki Döwletleriniň Guramasyna Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan doly hukuklay agza. Türkmenistan we Wengriýa bolsa, synçy durumyna eýe.
The post Türk mediasyna syn first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.