
Türk mediasynyň ýazmagyna görä, Izmir şäheriniň Urla ilçesindäki metjidiň öňünde jenjilen ýagdaýda tapylan Türkmenistanly 39 ýaşly Gaýgysyz Hommanow keselhanada aradan çykdy.
Bu waka 21-nji aprelde agsam sagady dokuz töweregi Urla Kalabalak metjidiniň öňündäki meýdana emele geldi. Gazaply urlan adamy metjidiň öňünde görenler ýagdaýy polisiýa we saglyk işgärlerine habar berdiler.
Saglyk topary Türkmenistanyň raýatydygy anyklanany tiz kömek” ulagy bilen keselhana alyp gitdiler. Kellesine, ýüzüne we bedeniniň köp ýerine gazaply urlan Hommanow lukmanlaryň tagallasyna garamazdan, halas edilmedi.
Hommanowyň jesedi barlagdan soňra Izmir kazyýet lukmançylyk institutynyň ölihanasyna alynyp gidildi.
Polisiýa iki türkmenistanlyny ele salmak üçin işe başlady diýip neşir ýazýar.
***
Türkiýäniň “Hürriýet” gazýeti Stambulda geçirilen operasiýalarda we barlaglarda 244 sany çet ýurtly migrantyň tutulandygyny ýazýar.
Stambulyň polisiýa müdirýeti 19-21-nji aprelde Kartal, Başakşehir, Şişli, Baýrampaşa we Bagçylar etraplarynda bikanun ýagdaýda Türkiýä giren migrantlaryň ýaşaýan 40 öýünde hem 1 sany iş ýerinde operasiýalar geçirdiler. Şeýlede bu döwürde resminama barlaglary hem amala aşyryldy.
Şol operasiýalarda 119 sany Owganly, 68 sany Siriýaly, 26 sany Pakistanly, 26 sany Bangladeşli we 5 sany Türkmenistanly tutuldy.
Şeýlede bu operasiýalar wagtynda gaçaklara jaýlaryny kärendesine beren 21 adama 285 müň 714 türk lira we 7 sany gaçaga iş ýeriniň ammaryny kirelän bir adama 18 müň 80 lira jerime salyndy.
Şol bir wagtda, operasiýalarda we barlaglarda tutulan 244 şahsy deportasiýa etmek barada işleriň başlanandygy bellendi diýip neşir habar berýär.
***
Ýene-de türk mediasynyň ýazmagyna görä, Türkiýe Covid-19 sanjymyny ýollap başlady.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gol goýan Halkara şertnamalarynyň çäginde Türkmenistana 150 müň doz, Garadaga 100 müň doz Covid-19 sanjymy mugtyna iberildi we Yraga 200 müň sany saglyk serişdeleri mugtyna iberiler.The post Türk mediasyna syn first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.