Türk mediasyna syn

Türk mediasyna syn

Türk mediasynyň ýazmagyna görä, Izmir şäherinde ýolda barýan biriniň pul gapjygyny ogurlan Türkmenistanyň raýaty tussag edildi.

Türkiýäniň Izmir şäheriniň Urla etrabynyň polisiýasy ýoldan barýan T.P-niň gapjygyny ogurlap gaçan Türkmenistanyň raýaty N.J.-ni ele saldylar.

Polisiýa tutulan Türkmenistanlynyň ýazgylaryny barlanda geçirende,onuň bu wakadan öňem bir iş ýerine girip, iki sany jübi telefony ogurlandygyny, olary Türkmenistanyň raýatlary M.N. we I.Y. atly ildeşlerine satandygyny anyklady.

Ogurlanan iki telefon tapylyp, eýelerine gowşuryldy. Ogurlykda, dükanlarda ogurlykda, ogurlyk zatlary satyn almakda ýa satmakda aýyplanan N.J.kazyýetiň karary bilen türmä iberildi.

Bu wakalar bilen ilteşikli erkinlikde galan Türkmen raýatlary M.N-iň we I.Y-iň bolsa, wiza düzgünlerini bozandyklary hem rugsatsyz işländikleri ýüze çykarylandan soňrä, olar Türkiýeden deportasiýa edilmegi üçin welaýatyň migrasiýa edarasyna ýollandy diýip türk mediasy ýazýar.

***

Stambulyň Fatih etrabynda Türkmenistanlynyň we Yraklynyň pullaryny aldaw ýoly bilen alan Eýranly, 52 ýaşly Adel.B polisiýa tarapyndan tutuldy diýip türk mediasy ýazýar.

Fatih etrabynda polisiýa ýüz tutan Yrakly H.A.F ýanyna gelen we sözde kömek soran biriniň puluny ogurlandygy barada şikaýat edipdir.Yraklynyň aýdyşyça, onuň ýanyna gelen kişi çet ýurtly bolandygy üçin elindäki dollarlarynyň ýasama bolup-bolmandygy babatda kömek sorady.

Onuň dollarlaryny meniň dollarlarym bilen deňeşdirmäge başladyk.Biraz wagtdan soň ol dollarlarymy yzyna berdi we sanasam 600 dollarymyň kemdigini bilip galdym diýip ol belleýär.

Hut şol etrapda Türkmenistanly, 39 ýaşly R.R. hem polisiýa ýüz tutup, şeýle usulda pullarynyň ogurlanandygyny aýdypdyr.

Jübi ogurlygyna we kezzapçylyga garşy bölümiň işgärleri geçiren derňewleri netijesinde iki pidanyň hem şol bir şahs tarapyndan aldanandygyny üstüni açypdyrlar.

Bir kameradaky ýazgyda Eýranlynyň nähili ogurlyk edýän pursaty görünipdir we ol gysga wagtda tutulypdyr.Adel.B-iň ýanyndan ýasama kimlik şahadatnamasy we walýuta çykypdyr.

Jübi ogurlygyna we kezzapçylyga garşy göreşýän bölümde pidalar tarapyndan şahsyýeti tassyklanan Adel.B kazyýetiň karary bilen tussaghana ýollandy diýip türk mediasy habar berýär.The post Türk mediasyna syn first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Türkmen žurnalistleri Izmiriň we Urlanyň medeni mirasy bilen tanyşýarlar
2-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiye Nebit Pudagynda Maksatnamalaryny Artdyrdy
17-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti