Stambulyň Kadykoý etrabynda ýaşaýan, 80 ýaşly Alzaýmer (ýadyny ýitirme) hassasy Müzeýýem D-niň gyzy H.Ö.Ü öz enesi üçin 2018-nji ýylda Türkmenistanly Merjen Allakulyýewany bakyjy tutupdyr diýip türk mediasy ýazýar.
Geçen ýyl garry enäniň maşgalasy onuň bedeninde çişler we gögermeler görüpdirler. Müzeýýem D-niň maşgalasy enesiniň hassadygyny düşünip,ony keselhana ýerleşdiripdir. Emma, Alzaýmer hassasy bolan garry enäniň bedenindäki gögermeleriň we çişleriň gazaply urlup ýenjilmäniň netijesinde emele gelen “boksçy trawmadygy” anyklanypdyr.
Türkmenistanly bakyjysyndan şübhelenen H.Ö.Ü. enesiniň ýaşaýan jaýyna gizlin kamera goýýar. Biraz wagtdan soňra kamera ýazgyny gözden geçiren H.Ö.Ü. enesiniň gazaply urulýandygyny we gynalýandygyny görüpdir. Bakyjy Merjen Allakulyýewanyň Alzaýmer hassasy bolan 80 ýaşly enäni günlerçe ýumruklandygy, saçlaryndan çekendigi we güýçli urandygy kamerada görnüpdir.
Başga tarapdan, akyla sygmajak zorluklara duçar bolan garry ene aglap, çirkin ses edipdir we bakyjy öýe gizlin goýlan kameralaryň birini tapypdyr. Kamera ýazgylaryny görüp, şok serpmeden gaýdan ýaly” bolan, H.Ö.Ü. polisiýa arza berýär. Tussag edilen Merjen Allakulyýewa kazyýete tabşyrylýar.
Stambul Anadoly 62 jenaýat kazyýeti Merjen Allakulyýewany 4 ýyl 2 aý türme tussaglygyna höküm edip, Bakirköý Zenanlar ýapyk tussaghanadan deportasiýa üçin Stambul welaýat Migrasiýa dolandyryş müdirliginiň maşgala merkezine iberýär.
Emma, H.Ö,Ü-niň aklawjysy Jelal Ülgen Allakulyýewanyň Türkiýede ýaşamaga rugsady bolan aýal doganynyň kanunsyz ýagdaýda Merjeni maşgala merkezinden çykarandygyny, onuň Stambulyň dürli etrabynda görünendigini aýdýar.
Mundan soňra aklawjy Jelal Ülgen Migrasiýa dolandyryş müdirýetine derňew geçirmek barada jenaýat şikaýatyny edipdir diýip türk mediasy ýazýar.
21-nji martda agşam sagat 10-da Stambulyň Büýükçekmeje etrabyndaky deňiz kenarynda bir zenan we erkek jesedi tapyldy.Olaryň Türkmenistanly 31 ýaşly Nargül.D–niň we 34 ýaşly Batyr. H-niň jesetleridigi anyklandy diýip türk mediasy habar berýär.
Ilkinji kesgitlemelere görä, Batyr.H. ilki bilen zenany ýüp bilen bogupdyr we soňra özüni agaçdan asypdyr.
Jesetler Stambulyň Kazyýet lukmançylyk institutyna äkidildi.Jesetleri kesiş amallary tamamlanandan soňra, Nargül.D-niň we Batyr H-niň jesedi maşgalasy tarapyndan merkezden alyndy.
Jesetler Büýükçekmeje Gazilhanasyna(ölühanasyna) alynyp gidildi.Bu waka bilen ilteşikli derňew dowam edýär diýip türk mediasy ýazýar.The post Türk mediasyna syn first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.