Türk mediasyna syn

Türk mediasyna syn

Stambulyň Kagithane etrap polisiýa müdiriýetiniň Gültepe polisiýa merkeziniň toparynyň geçiren barlagynda hamana, kargo (ýük daşaýan) şirketi görkezilip geroýin daşaýandygy üçin tutulan iki kişi adalet edaralary tarapyndan gözegçilik şerti bilen boşadyldy diýip SonDakika.com neşiri habar berýär.

Şirketde geçirilen barlagda asma potolokdan köp mukdarda geroýin, neşe gatançly dermanlar we kiçijik terezi tapylypdy.

Kagithane etrap polisiýa müdiriýetiniň Gültepe polisiýa merkeziniň toparynyň Ortabaýyr, Harmandepe, Gültepe we Ýahýa Kemal etrapçalarynda geçiren barlaglarynda Türkmenistanly raýatlar, Adyl atly türkmen üçin işleýändigini boýun aldylar.

Adyl atly türkmen raýatynyň satmak üçin geroýin berýändigi barada habar alandan soňra, Türkiýe-Türkmenistan arasyna kargo (ýük daşaýan) şirketiň we neşe maddasyny hamana, kargo şeklinde daşaýan Adil atly kişiniň tutulmagy üçin operasiýa gurnaldy.Polisiýa olary ädimme-ädim yzarlady we Şişli etrabyndaky hamana, kargo şirketi diýlen ýerde barlag geçirdiler.

Onda 106 gram geroýin, 41 sany neşeli derman, bir sany kiçijik terezi, 800 türk lirasy ele salyndy.

Şirketde bolan Adilbek A. we şirketiň jogapkäri Batyrgeldi C. tutulyp, polisiýa äkidildi. Mundan owalky barlaglarda şübhelilerden köp mukdarda neşe maddasynyň, kiçijik tereziniň we pasportlaryň ele salynandygyna garamazdan, kazyýetde gözegçilik şerti bilen boşadyldy diýip türk metbugaty ýazýar.

***

Türkiýäniň söwda ministrligine saglylanyp “ÝeniŞafak” neşiriniň ýazmagyna görä, 25-nji fewralda ýurdyň söwda ministri Mehmet Muş Türkmenistana sapar eder.

Ol öz saparynyň dowamynda wagtlaýyn prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, wise-premýer, prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedow , Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow we Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we aragatnaşyklar edarasynyň başlygy Mämmethan Çakyýew bilen ikiçäk gepleşikler geçirer.

Iki ýurdyň diplomatiýa gatnaşyklaryny ýola goýmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan saparda söwda, ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde maýa goýumylary, potratçylyk mowzuklary barada hem gürrüň ediler.

Türkiýäniň we Türkmenistanyň söwda dolanşygy 2020-nji ýyla garanda, 2021-nji ýylda 53 göterim ösüp, 1,7 milýard dollara deň boldy. Bu döwürde Türkmenistana eksportyň möçberi 985 milýon dollara deň bolsa, Türkmenistandan importyň möçberi 711 milýon dollara deň boldy diýip neşir habar berýär.

Şol döwürde Türkiýäniň Türkmenistana maýa goýumlary 434 milýon dollar çemesi, Türkmenistan bolsa, Türkiýä 1 milýon dollara golaý sermaýa ýatyrdy.

Şu güne çenli Türkiýeli potratçylar 50 milýard dollarlyk 1061 sany taslamany Türkmenistanda durmuşa geçirdiler diýip “ÝeniŞafak” ýazýar.

Ýeri gelende bellesek,“Türkmenistanyň Hronikasynyň” owal ýazmagyna görä, geçen ýylyň başlarynda Ankara eden saparynda DIM Raşid Meredow koronawirusa garamazdan, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň we Türkiýäniň söwda dolanşygynyň takmynan, 2 milýard dollara deň bolandygyny yglan edipdi.The post Türk mediasyna syn first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Geçen Ýyl Kruiz Gämileri Bilen 1 Million Syýahatçy Geldi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sapar bilen Türkmenistana geldi
Prezident Erdogan Türkiyä gaýdyp geldi
Ärdogan üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Awaza geldi