Türk mediasyna syn

Türk mediasyna syn

Türkiýäniň Tekirdag welaýatynyň Malkara etrabynda asly Türkmenistanly, 31 ýaşly Allanur Italmazow köçede öli tapyldy diýip türk mediasy ýazýar.

Ol ýerä polisiýa we saglyk topary çagyryldy. Saglyk işgärleri Allanura ýürek masajy edensoň, ol “tiz kömek” bilen Malkara döwlet hassahanasyna alynyp gidildi.

Lukmanlaryň eden aladasyna garamazdan, Allanur halas edilmedi.

Polisiýa Italmazowy etraba getiren we ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, gitmegine rugsat berilmedik taksi sürüji bilen Allanuryň 3 tanyşyny tutdy.

Polisiýa müdirligine alynyp gidilen 4 kisi soragdan soňra, goýberildi. Soraglar dowam edýär diýip türk mediasy ýazýar.

***

Türk mediasynyň habaryna laýyklykda, Stambulyň Pendik etrabyndaky bir binanyň ikinji gatyndaky gelinlik tikýän atelýede matalaryň ot almagy bilen ýangyn döredi.

Binanyň üçünji gatyndaky jaýy tüsse gurşap alýar we onda ýaşaýanlar kyn ýagdaýda galýarlar.Bu ýerä çagyrylan ýangyn söndürijiler üçünji gatda ýaşaýan ikisi Türkmenistanly, üç zenany merdiwanly ýangyn söndüriji awtoulagy bilen halas etdiler.

Gelinlik tikýän ateliň eýesi bolan zenan iş ýeriniň ýanyşyny gözýaşly synlady. Ýangynda atelýe maddy zyýan çekdi. Emma, binada ýangyn dörände, onuň garşysyndaky jaýda suwag edýänleriň hiç zat bolmadyk ýaly öz işini dowam etdirmekleri hemmeleri haýran galdyrdy.

“Ýangynda adam pidasynyň ýokdudygyna şükür edýäris” diýip waka şaýat bolanlaryň biriniň aýdandygyny türk mediasy ýazýar.The post Türk mediasyna syn first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ýokary liga ― 2023: 1-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň käbir gyzykly hasaplamalar
Ysraýyl Gazada gyrgynçylyk etmäge dowam edýär
Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler
Türkmenistanyň Hazar deňzindäki nebit platformalarynyň birinde ýangyn döredi
Tebigatyň goragynda