Türk mediasyna syn

Türk mediasyna syn

Türk metbugatynyň ýazmagyna görä, Stambulyň Arnawutköý etrabynyň Hadymköý obasynda çopan bolup işlän ýerinden aýlygyny alyp bilmändigi üçin hojaýynyny tüpeň bilen atyp öldürenlikde aýyplanyp, ömürlik türme tussaglygy talap edilýän Türkmenistanyň raýaty Şöhrat Ikramow ilkinji gezek kazynyň garşysyna çykdy.

Hadymköýde maldarçylyk bilen meşgullanan Sertaş Ýorgaýdan 2500 türk liralyk aýlygyny alyp bilmändigi sebäpli ony tüpeň bilen atyp öldürendigi öňe sürülýän Ikramow “bilkastlaýyn adam öldürmekde” günälenip, ömürlik türme tussaglygy islenýär.

Bu diňlenşik Stambuldaky 2-nji agyr jeza kazyýetinde geçdi.

Diňlenşikde özüni gorap çykyş eden Şöhrat Ikramow bu hojalykda iki aý bäri mal bakandygyny we 2500 lira aýlygyny alyp bilmändigini aýtdy. “Meniň aýlygym tölenmedi.

Men hem tüpeňi alyp satmagy düşündim.Emma,özüme garşy hukuk işiniň açyljakdygyny düşünip, tüpeňi satmakdan el çekdim.Mal ýatagyna girip, tüpeňi ýerinde goýmak isledim we ol ýerde mallary atyp öldürmegi düşündim.

Emma, wyjdanym çatmady.Ol ýerden çykmak islänimde, garşymda Sertaş Ýorgaýy gördüm.Ol meni gören badyna, ýaragyna ýapyşdy we maňa iki ok atdy. Ýorgaýy maňa ot açan badyna, ol ýerdäki otaga gaçyp ýetişdim” diýen Şöhrat gizlenen ýerinden çykmakçy bolanda, hojaýynynyň ýene-de ot açandygyny, soňra gaçandygyny gürrüň berdi.

“Ol maňa daşary çyk diýip gygyrdy. Ýene-de ot açdy.Men gaçan ýerimden çykmazdan owal 3 gezek ot açdym. Ol ýere düşdi we hereketsizdi. Ýerde ýatyrka ýene oňa ot açmadym. Telefony ýerdedi. Ony elime aldym, emma gizlin kody bolandygy üçin telefony açyp bilmedim” diýip Ikramow özüni goraýar.

Öldürilen adamyň aýaly Kader Ýorga ilkibaşlarda Şöhradyň işinden äriniň hoşaldygyny, emma, soňra mallara erbet garamaga başlandygyny we Şöhrady işden çykarjakdygy barada aýdandygyny belledi.”Wakadan bir hepde öň ony işden çykarypdy.Mallary başga biri bakýardy.O gün täze işçiniň eli döwlüpdir.

Ony keselhana eltip gelenden soňra tüpeňiniň ogurlanandygyny goňşymyza gürrüň beripdir.Iki çagam ýetim galdy.Onuň jezalandyrylmagyny isleýärin” diýip Kader Ýorga aýdýar.

Kazy diňlenşigi gaýra süýşürip, Şöhrat Ikramowyň eden jenaýatynyň häsiýeti we tebigaty sebäpli,onuň tussaghanada saklanmagyny uzaltmak kararyna geldi diýip türk mediasy ýazdy.

***

Stambulyň Bahçeliewler etrabynda asly Türkmenistanly Aslan P. 6 ýaşyndaky ogly Döwran P-ni öldürenden soňra öz janyna kast etmäge synanyşdy.

Bu wakadan soň öýüne gelen onuň gelini polisiýa we saglyk toparyna habar berdi diýip türk mediasy habar berýär.

Saglyk topary tarapyndan ilkinji kömek edilen Aslan P. hassana ýerleşdirildi. Onuň saglygyny bejertmegini dowam edýändigi habar berildi.

Polisiýa toparynyň wakanyň bolan ýerinde geçiren barlaglaryndan soňra 6 ýaşyndaky çaganyň jesedi kesilip barlanmagy üçin Kazyýet lukmançylyk institutynyň ölümhanasyna alynyp gidildi.

Bu waka gynanmakdan aýagynyň üstünde kynlyk bilen duran çaganyň enesini ýakynlary köşeşdirýän wagtynda onuň mamasynyň saglygy erbetleşende, saglyk topary “tiz kömek” ulagynda ýardam etdiler.

Şol bir wagtda, 2 aý mundan öň gelninden aýrylan Aslan P. ogluny görmäge gidende, 6 ýaşly çagasyny öldürendigi belli boldy.

Şeýlede Aslan P-niň bir ýyl mundan owal Stambulyň Beşiktaş etrabynda hem öz janyna kast etmäge synanyşandygy mälim edildi diýip türk mediasy ýazdy. The post Türk mediasyna syn first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe: türkmenistanly çopan başlygyny öldürmekde aýyplanýar
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
EUR0 2020-ä badalga berildi
Gresiýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Papandreu Türkiýe bilen Gresiýanyň Arasndaky Dialogyň Möhümdigini Beýan Etdi