Uşakda tok uran Türkmenistanly ýaş ýigit aradan çykdy.
Türk metbugatynyň ýazmagyna görä, Türkiýäniň Uşak şäheriniň senagat bölümindäki tekstil fabrikada çet ýurtly raýat aradan çykdy.
Uşak senagat bölüminde aýlanyp duran lentanyň üstünden gelýän harytlary awtoulaga ýükleýän wagtynda lentanyň demirini tutan Türkmen raýaty, 27 ýaşly Baýram Gezerowy tok urdy. Ol togyň urgusy bilen beton ýere düşdi.
Telefonda habar berilmegi netijesinde wakanyň bolan ýerine 112 sanly saglyk we polisiýa topary geldi.
Gezerowy “tiz kömek” bilen Uşak bilim we barlag hassahanasyna alyp gitdiler. Emma, edilen ähli aladalara seretmezden, 27 ýaşly Baýram Gezerow aradan çykdy.
*
Guty-guty kabaklary zibile atyp, kömek islediler, ettim diýýär
Stambulyň Ataşehir etrabyndaky gök-önüm satylýan merkezde guty-guty kabaklary (kabaçki) zibile atan Türkmenistanyň raýaty Kuwandyk Joraýew polisiýa merkezinden çykarylanda, “Kabaklar çüýrükdi. Kömek etmegimi islediler, menem etdim” diýdi.
Ataşehirdäki merkeze guty-guty kabaklary zibile atýan wagty çekilen wideýo sosial mediada ýaýrandan soňra, Türkmenistanly Kuýandyk Joraýew tutuldy diýip türk mediasy ýäzýar.
Saglyk ätiýaçsyz işlän Joraýewiň Ataşehir Içerenköý polisiýa merkezinde resminama işleri tamamlanandan soňra, ol Pendik etrabyndaky migrasiýa edarasy müdirliginiň deportasiýa merkezine iberildi.
Kuwandyk Joraýew polisiýa merkezinden çykarylanda žurnalislere “Kabaklar çüýräpdir. Kömek islediler, menem ettdim” diýdi.
Joraýewiň Türkiýeden çykaryljakdygy bellik edildi. Kabaklary zibile atdyran şirkete garşy hem edara işleri başladyldy.
*
Küçükçekmejede ýaragly hüjümden soňra aradan çykan Azerbaýjanlynyň ölümi bilen bagly 3 kişi tussag edildi
Stambulyň Küçükçekmeje etrabynda awtoulagynda barýarka, ýaragly hüjüm edilenden soňra, aradan çykan 35 ýaşly Rishal Hasanowyň ölümi bilen bagly 3 şübheli kazyýete tabşyryldy.
Jenaýatçylaryň tutulmagy üçin polisiýa birnäçe etrapdaky kameralary alyp, berk gözden geçirdi diýip türk mediasy ýazdy.
Birnäçe tehniki yzarlamalara başlan topar motoryň sürüjisiniň Türkmenistanyň raýaty, 48 ýaşly Gurban.T we ýaragdan ot açanyň bolsa, 33 ýaşly Azerbaýjanyň raýaty Ragip.H bolandygyny, jenaýatyň maşgaladaky mesele bolandygyny anyklady.
Şübheliler Hasanowy restoranda oturan wagtyndan gözegçiligie alyp, ýoldaky yşyklarda ulag dyknyşygy bolanda, oňa öz ulagynda motorly gelip ot açypdyrlar.
Polis topary 22-nji awgustda Ragip.H-ni, Gurban.T-ni we bu jenaýata gatnaşan 28 ýaşly Şamil H-ýi tussag etdi.
Şübheliler polisiýadaky işlerinden soňra, kazyýete tabşyryldy.The post Türk mediasyna syn first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.