Türk mediasyna syn

Türk mediasyna syn

Habar-1

Türk mediasynyň ýazmagyna görä, Stambulyň Maltepe etrabynda ogurlykda şübhelenýän Türkmenistanly F.S. atly zenan tutyldy.

Bu waka 3-nji iýunda akşam sagatlary Maltepe, Zümrütewlerdäki bir jaýda bolupdyr. Öýde ogurlyk bolandygy barada habar gelenden soňra, polisiýa topary ol öýe bardy.

Bu habary beren öý eýesi K.E.polisia toparyna az mukdarda nagt pulynyň we altynlarynyň ogurlanandygyny aýdyp, wakada 3 aý bäri öýünde bakyjy bolup işleýän asly Türkmenistanly F.S.

atly zenandan sübhelenýändigini we ondan şikaýatçydygyny aýtdy.

Polisiýa bölümine äkidilen F.S. sorag edilende, puly we altynlary ogurlandygyny boýun alyp, olary başga bir öýde saklaýandygyny aýtdy.

Polisiýa zenanyň beren adresinde geçiren barlagynda 20,5 gram altyn, 54 sany çärýek altyn, 2 sany Ata altyn, 7 sany hakyky altyn, 18 sany bilezik, 410 ýewro, 4 sany ýüzük, 1 jübüt gulakhalka, 4 sany goşarlyk ele saldy.

Tutulan F.S. polisiýadaky işlerinden soňra, kazyýete geçirildi.

HABAR 2

Türk mediasynyň 4-nji iýunda ýazmagyna görä, Stambulyň Awçylar etrabynda asly Türkmenistanly Kulbaýew E.-niň elektrikli abzaly ogurlandygy üçin tutuldy.

Awçylar, Kümüşpaladaky dükandan iki gezek elektrikli abzalyň ogurlanandygy bilen bagly waka ýüze çykdy.

Şol ogurlygy eden şübheli tutuldy. Onuň eden ogurlygyny dükandaky kamera ýazgy edipdir.

Kamera ýazgylaryny yzarlan dükanyň işçileri elektrikli abzallary ogurlap, geýminde gizlän we dükandan çykan şübhelini gördüler. Dükanda işleýänler şübheliniň üçünji gezek dükana gelendigini görüp, polisiýa habar berdiler.

Awçylar polisiýa müdirliginiň topary az wagtdan dükana geldi.

Kamera ýazgylary yzlananda şübheliniň töweregindäki adamlar ýanyndan uzaklaşanda, elektrikli abzallardan birini geýminiň içine salýandygy göründi.

Polisiýa dükanda işleýänleriň sübhelenýän adamsynyň şol wagt dükanda gezen kişidigini anyklady.

Asly Türkmenistanly Kulbaýew G. tutyldy diýip türk mediasy ýazýar.

The post Türk mediasyna syn first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

31-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ilkinji iPhone 15 ýaşady
Aşgabatda Mosartyň eserleri ýaňlandy
Türkmenistanda çagalar ýitirim bolýar we zorluga sezewar edilýär. Häkimiýetler ýazga alýarlar, ýöne düşündiriş bermeýärler
Aşgabatda Uruş ýyllarynyň aýdymlary atly konsert geçiriler
Iň kuwwatly traktorlar