Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny

Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan: Ysraýyl halkara ulgama howp salýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyn Gyrgyzstanda Ýokary derjeli strategik hyzmatdaşlyk Geňeşiniň maslahatynda möhüm beýanat berendigini ýazýar. Ysraýylyň halkara ulgama howp salýandygyny beýan eden Erdogan; Ysraýyla garşy halkara gysyş artdyrylmaly. Palestina meselesi üçin tagallamyzy dowam etdireris” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan Japarowa “Togg” sowgat etdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarowa “Pamykgala agy” reňkli “Togg” sowgat edendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Japarow: “Türkiýe dünýäde lider pozisiýasynda” diýip, isleg bildirdi” söz başyly habarynda, türk firmalaryny energetika pudagynda maýa goýmaga çagyran Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarowyň Türkiýäniň lukmançylyk enjamlary we ýokary hili derman öndürmekde dünýäde lider pozisiýasynda duýandygyny nygtap, Gyrgyzstanda derman zawodunyň açylmagyny isländigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Ministr Bolat karz alma balynyň ýokarlamagy hakynda beýanat berdi” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyn “Ykdysady maksatnamamyzyň oňyn netijeler berýändigini we makroyksady görkezijilerde görülen ýokarlamalary ýurdumyzyň karz alma balyny yzly-yzyna ýokarlandyran halkara karz derejelendiriji guramalary hem tassyklaýar” diýen sözlerini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Roketasanyň Pariž görkezlişi” söz başyly habarynda, raketa ulgamlary bilen özüni dünýä tanadan Türkiýäniň öňdebaryjy firmasy “Roketsanyň” ýokary ukyply deňiz ulgamlary bilen Fransiýanyň paýtagty Parižde guralan “Ýewronawal 2024” sergisinde ünsleri özünde jemländigini mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler Sammiti Öz Işine Başlady
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Türki Döwletleriň Içeri Işler Ministleri Çolpan-Atada Duşuşdy
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar