Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny

Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Afynyda Erdogan ýeli ösmäge dowam edýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň alty ýyl soň Afyna guran saparynyň ýurduň media organlarynyň gün tertibinde orun tutmaga dowam edýändigini ýazýar. Grek mediasy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda oňyn atmosferanyň dowam etjekdigine bolan ynama üns çekýän bolsa, Gresiýanyň Premýer-ministri Kirakos Mikotakis bilen Erdoganyň arasyndaky degişmelere hem orun berildi.

“Star” gazeti “Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda täze döwür” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Gresiýanyň maýa goýum ofisleriniň gol çekişen ähtnama bilen iki ýurduň arasyndaky özara maýa goýumlaryň artdyrylmagy üçin iş alynyp baryljakdygyny mälim edýär. Şol ähtnama bilen iki ýurt gönüden halkara maýa goýumlar boýunça täze hyzmatdaşlyk tapgyryny başlatdy. Ähtnama özara maýa goýumlarynyň artdyrylmagyny we iki ýurduň firmalarynyň üçünji ýurtlarda hyzmatdaşlyk etmegini öz içine alýar.

“Sabah” gazeti “Stambulda onlarça müň adam Palestina üçin ýöriş geçirdi” söz başyly habarynda, terror döwleti Ysraýylyň zenan, çaga, garry, keselli diýmän gyrdy. Dünýäniň gözüniň öňünde genosid eden Ysraýyla garşy 10-njy dekabr adam hukuklarynyň halkara gününde Stambulda Palestina görişi geçirildi. Jemgyýetçilik guramalary “Ganhor Ysraýyl” diýip, şygarlar aýtdylar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Adamzat jenagaty bellige alyndy” söz başyly habarynda, Ysraýylyň Gazadaky harby jenaýatlaryny bellige almak üçin “Adamzat üçin bellige alyş insiatiwasynyň” döredilendigini ýazýar. Dünýäniň çar tarapyndaky sungat ussatlary, ýazyjylar we žurnalistler, Gazadaky gyrgynçylygy öz eserlerinde gürrüň bererler. 30-njy dekabra çenli Stambuldaky Rtami kitaphanasynda jemlenjek eserler, web sahypasynda neşir ediler.

“Haber Türk” gazeti “1915 Çanakgala köprüsine baýrak” söz başyly habarynda, Aziýa bilen Ýewropa materiklerini birikdirýän 1915 Çanakgala köprüsi dünýäniň iň gowy inženerçilik taslamalaryny seljerýän “ENR” žurnalynyň emin agzalary tarapyndan geçirilen umumy seljermäniň netijesinde “Ýylyň taslamasy” baýragyna laýyk görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ministrler Kabinetiniň Mejlisi Çanakaýa Köşgünde Geçirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy
Çanakkalede Bosgunlary Alyp Barýan Gämi Batdy