“Türk Maýadarlaryna Uly Ynam Bildirýäris”

“Türk Maýadarlaryna Uly Ynam Bildirýäris”

Saud Arabystanynyň Senagat ministri Bender bin Ibrahim Al Hureýf, türk maýadarlaryna uly ynam bildirýändiklerini aýtdy.

Hureýf, paýtagt Ankarada geçirlen Türkiýe-Saud Arabystany maslahatyndan soň Türkiýä guraýan sapary hakynda metbugata beýannama berdi.

Türkiýede saparda bolmakdan hoşaldyklaryny aýdan Hureýf, iki ýurduň arasyndaky ykydysady gatnaşyklaryň güýçli depginde dowam edýändigini aýtdy.

Saparynyň türk maýadaýlaryna Saud Arabystanynyň senagat we magdançylyk pudagynyň başda durmagynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanatmagy maksat edinendigini aýdan Hureýf, “Türk maýadarlaryna uly ynam bildirýäris we Türkiýäniň bu pursatlardan ýerlikli peýdalanmagyny isleýäris” diýdi.

Stambul şäherinde hem möhüm duşuşyklar geçirjekdiklerini aýdan Hureýf, “Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýäris. Senagat we magdançylyk pudagy boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi üçin arman ýadaman işläris” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

“Türkiýäniň Ikinji Asyryna Uly Ynam Bildirilýän Ýurt Hökmünde Gadam Basmagy Bizi Buýsandyrýar”
Gresiýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolýar
Ynamly awto merkezi Türkmenistanda Kia we Hyundai awtoulaglaryna bejeriş we hyzmat ediş işlerini ýerine ýetirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Galla Ylalaşygynyň Dowamyny Ýola Goýjakdyklaryna Ynam Bildirdi
Nahaýan Türkiýe Bilen Gatnaşyklaryň Geljegine Ynam Bildirdi