Prezident R. T. Erdogan Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirilýän Türk döwletleri guramasynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň VIIII maslahatyna gatnaşdy.
Prezident Erdogan maslahatda eden çykyşynda “Parahatçylyga tarap barýan ýolda Azerbaýjana goldaw berýäris” diýdi.
Prezident Erdogan “9 aýdan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi we azyk krizisiniň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýäris” diýdi.
2014-nji ýyldan bäri dünýäniň çar tarapyndan gelen bosgunlary kabul edendiklerini nygtan Erdogan “5 milliona golaý bosgun myhmanymyz bar. Bikanun göçüň öňüniň alynmagy üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeli” diýip belledi.
Prezident Erdogan Türk Maýa goýum gaznasynyň gysga wagtda döredilmeginiň diýseň peýdaly boljakdygyny nygtady.
Maslahatda Prezident Erdogana Türki dünýa eden hyzmatlary mynasybetli “Türki dünýäniň Ýokary nyşany” ordeni gowşuryldy.
Erdogan ordeniň gowşurlyş dabarasynda sözlän sözünde “Türki dünýäniň Ýokary nyşany” ordeniniň özüne gowşurylmagyna buýsanýandygyny beýan edip, Türki dünýäniň şu günki günde has güýçlüdigini aýtdy.
Ordeniň özüne uly jogapkärçilik berendigini beýan eden Erdogan; “Biz halklarymyzyň arasyndaki arkalaşygyň güýçlenmegi, döwletlerimiziň arasyndaki gatnaşyklaryň ösmegi we guramamamyzyň halkara abraýynyň hasam artmagy ugrundaky tagallalarymyzy hasam güýçlendirmekde ygrarly” diýdi.