Türk lirasynyň hümmetiniň taryhy peselmegi netijesinde Türkiýedäki türkmen migrantlary başga ýurtlara işlemäge gitmek mümkinçiligini gözleýärler

Türk lirasynyň hümmetiniň taryhy peselmegi netijesinde Türkiýedäki türkmen migrantlary başga ýurtlara işlemäge gitmek mümkinçiligini gözleýärler

Noýabr aýynda türk lirasynyň taryhy hümmetsizlenmegi netijesinde Türkiýedäki türkmen migrantlary agyr maliýe ýagdaýynda galdylar.

13-nji dekabrda türk lirasy taryhy hümmetsizlenmä duçar bolup, bir dollaryň bahasy 14 liradan geçdi. Sentiýabr aýynda dollaryň bahasy 8,5 lira deň bolanlygyndan häzirki nyrhyna ýetdi. Dollaryň bahasynyň gymmatlamagy azyk önümleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň kärendesiniň we hojalyk (kommunal) hyzmatynyň ösmegine getirdi.

Şol bir wagtyň özünde aglaba migrantlara tölenýän aýlyk öňkiligine galdy diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçysy maglumat berýär.

Bahalar hem galdy.Bir bölek tamdyr çöreginiň bahasy 3 liradan 7 lira, kiçi külçe 1,5-dan 3 lira çykdy. 200 gramlyk atma çaý 10-dan 20 lira, bir gap guşonka 15-dan 25 lira, bir bölek ýumşak kolbasa 30-dan 45 lira, bir bölek kakadylan kolbasa 35-den 60 lira, bir gap tuşonka 15-den 35 lira, kakadylan balyk 35-den 60 lira, bir kilo karamel süýji 30-dan 79 lira, bir kilo şekelad 40-dan 90 lira, bir kilo köke 8-den 15 lira çykdy.

Migrantlar üçin söwda nokatlarynda 600 gramlyk doňuz salasy 100 lira, 0,5 litlrlik özbek aragy “Haýat” 70 liradan 120 lira çykdy.

Mundan başga-da, migrantlar türkmen we özbek kafelerinde naharlanmagy amatly görýärler. Çorba, somsa we çaýdan ybarat günortanlyk 50-60 lira deň. (3,5-4,3 dollar)

Özbek kafede nahar biraz arzan. Migrantlaryň tassyklamagyna görä, olara Özbegistanly telekiçiler et getirýärler. Iki ýurt arasynda howa ýollary arkaly yzygiderli uçuşlar ýola goýuldy.

Iň arzan köne jaýlary kireýine almak 1500 lira (107 dollara) deň. Elektrik 160-170 liradan 300 lira (21dollar) çykdy, suw 130-140 liradan 340-350 lira (25 dollara) çykdy.

Gurluşyklarda we fabriklerde işleýänleriň aýlyklary 3000-3500 lira deň (214-250 dollar). Iň köp aýlygy öýde işleýänler, çaga we garry bakyjylary gazanýarlar. Olaryň aýlygy 5000 lira deň we köplenç hojaýynyň öýünde ýaşap, naharlanýarlar.

Maliýe ýagdaýlarynyň agyrlaşmagy netijesinde migrantlaryň aglabasy owalkylary ýaly Türkmenistandaky hossarlaryna pul ýollap bilmeýärler. Olar başga ýurtlara aşmagyň aladasyny etmäge başladylar.

Bir aý mundan owal migrantlaryň arasynda ýaýran myş-myşlara görä hamana,Polşa wiza almak mümkin. Näme sebäpden Polşa anyk däl.

Bu myş-myşlar Polşa bilen Belarusyň serhedindäki müňlerçe Siriýaly hem Yrakly bosgunlar krizise gabat geldi.

Birnäçe migrantlar syýahat şirketleri arkaly wiza, bilet aldylar we Polşa girmäge synanyşdylar. Emma, birnäçe wagtdan soňra olar Stambula dolandylar.

Häzir olary üçin iň esasy ýurtlar BAE we Russiýa.Ýörite şirketler wiza we bir tarapa bilet taýýarlaýarlar. Dubaýa gitmek 800 dollara, Moskwa 600 dollara deň.

Bu ýurtlaryň ikisinde hem migrantlaryň bäsdeşleri bar. Moskwada öňki sowet respuplikalaryndan, Dubaýda bolsa, Hindistandan, Pakistandan, Filippinden we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan migrant köp.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen migrantlarynyň köpüsi eger türk liradaky aýlyklary ýokarlandyrylmasa ýa-da türk lirasy öňki hümmetine gelmese, onda başga ýurtlara gitmäge taýýar. Çünki,olar diňe özlerini eklemän, Türkmenistandaky maşgalalaryna hem pul kömegini etmeli.The post Türk lirasynyň hümmetiniň taryhy peselmegi netijesinde Türkiýedäki türkmen migrantlary başga ýurtlara işlemäge gitmek mümkinçiligini gözleýärler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Derňewler Moskwada türkmen pasportlarynyň galplaşdyrylmagyna ünsi çekýär
Çözülmesi çatak bolan üç mesele ýönekeý adamlary heläk edýär
Iki müň türkmenistanly ABŞ-da gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýar
“Yslam döwletiniň” agzalaryny Ýewropa we Amerika gaçyrýanlykda şübhelenip tutulanlaryň arasynda iki Türkmenistanly bar
Türkiýäniň suw giňişligine itilen migrantlar halas edildi
4 Aýda 800 Müň Migrant Owganystandan Eýrana Girdi
Türkmenistanyň kanun goraýjy işgärlerine hüşgär bolmak tabşyryldy