
MOEX-den berilen beýanatda, türk lirasy we Gonkong dollaryna talaplaryň artandygy sebäpli, Moskwa biržasynyň 1-nji martda türk lirasy-rus rubly we gonkong dollary-rus rubly görnüşlerinden fýuçers söwdalaryna başlanjakdygy habar berildi.
Beýanatda biržanyň müşderileriniň ady agzalan walýutalarynda 2023-nji ýylyň iýun, sentýabr we dekabr aýlary bilen 2024-nji ýylyň mart aýlarynda baglaşylan şertnamalary gözden geçirip biljekdikleri mälim edildi.
MOEX-iň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Ýuriý Denisow dekabr aýynda beren beýanatynda, Moskwa biržasynda türk lirasyna bolan talabyň 2022-nji ýylda 2021-nji ýyla garanyňda 17 esse artandygyny habar beripdi.