Türk kompaniýalary Türkmenistanda 19 taslama durmuşa geçirýär

Türk kompaniýalary Türkmenistanda 19 taslama durmuşa geçirýär

Häzirki wagtda türk kompaniýalary möçberi 4,4 milliard dollar bolan 19 taslamany durmuşa geçirýärler. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok maglumat berdi.

A.Demirok Türkmenistanyň Garaşsyzlyga eýe bolan gününden başlap, türk kärhanalarynyň müňden gowrak taslamany üstünlikli tamamlandyklaryny, munuň türk kompaniýalaryna türkmen tarapyndan ýokary ynam bildirilýändigine şaýatlyk edýändigini belledi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň sişenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Ilçiniň sözlerine görä, türk kompaniýalary elektrik stansiýalary, elektrik geçiriji ulgamlary, awtomobil ýollary, ýaşaýyş toplumlary, söwda merkezleri, ýokary we orta okuw mekdepleri, jemgyýetçilik binalary, myhmanhanalary, fabrikleri, muzeýleri, seýilgähleri we hassahanalary öz içine alýan köpsanly iri infrastruktura taslamalary durmuşa geçirdiler.

Ol türk kompaniýalarynyň Arkadag “akylly” şäheriniň gurluşygynyň indiki tapgyrlaryna we “Aşgabat-siti” taslamasyna gatnaşmagyna umyt bildirdi.

2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda haryt dolanyşygy $1,532 milliarda ýetdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16 göterim köpdür diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok aýtdy

Ýene degişli makalalar

Türk kompaniýalary Aşgabat-siti we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşmaga isleg bildirýärler
29-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen-türk söwda dolanyşygy 1,5 milliard dollardan geçdi
Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Türkiýäniň haryt dolanyşygy $1,5 milliarddan geçdi
Türkmenistan himiýa senagatyny ösdürmekde “Daewoo E&C” kompaniýasynyň tekliplerine seretmäge taýýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi