Türk kompaniýalary Aşgabatdaky sergide eksport ugurly harytlaryny görkezerler

Türk kompaniýalary Aşgabatdaky sergide eksport ugurly harytlaryny görkezerler

Türkiýe Respublikasynyň 70-den gowrak kompaniýasy 5-6-njy dekabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek eksport harytlarynyň giň gerimli söwda sergisine gatnaşarlar. Bu barada Hökümetiň söwda toplumy we dokma senagaty boýunça wise-premýeriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nökerguly Atagulyýew Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde maglumat berdi.

Sergide senagat enjamlary we gurluşyk serişdelerinden başlap derman we dokma senagatynyň önümlerine çenli harytlaryň giň görnüşleri görkeziler. Guramaçylar logistika we hyzmatlar ulgamyna ýöriteleşen kompaniýalara aýratyn orun bererler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Sergi bilen ugurdaşlykda Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýetini belläp, serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglylykda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň söwda ministri Aşgabada sapar bilen geler
Türkmenistan Stambulda geçiriljek “Halal Ekspo 2024” sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda söwda dolanyşygy $1,3 milliarda ýetdi
Dekabrda Aşgabatda “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň mejlisi geçiriler