Türk kompaniýalary Aşgabat-siti we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşmaga isleg bildirýärler

Türk kompaniýalary Aşgabat-siti we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşmaga isleg bildirýärler

Türk gurluşyk kompaniýalary "akylly" Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna we "Aşgabat-siti" taslamasyna gatnaşmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde Türkiýe Respublikasynyň Gününe bagyşlanan makalasynda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny alandan bäri türk kompaniýalary Türkmenistanda müňden gowrak taslamany üstünlikli tamamladylar.

"Türk kompaniýalary Türkmenistanda elektrik stansiýalary, elektrik geçiriji liniýalary, awtomobil ýollary, ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezleri, uniwersitetlery, mekdeplery, jemgyýetçilik binalary, myhmanhanalar, zawodlar, muzeýler, seýilgähler, hassahanalar we port gurluşygy ýaly tehnologiýa talap edýän möhüm infrastruktura taslamalaryny amala aşyrdylar" diýip, Demirok belledi.

Ilçi häzirki wagtda türk kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanda 4.4 milliard dollar möçberinde 19 taslamanyň amala aşyrylýandygyny nygtady.

"Biziň kompaniýalarymyza bildiren ynamy üçin Türkmenistanyň ýolbasçylaryna minnetdardyrys" diýip, türk diplomat belläp geçdi.

Ýene degişli makalalar

Türk kompaniýalary Türkmenistanda 19 taslama durmuşa geçirýär
29-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistan himiýa senagatyny ösdürmekde “Daewoo E&C” kompaniýasynyň tekliplerine seretmäge taýýar
Abu-Dabide türkmen-emirlikler gepleşikleri geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy taýýarlanylar