Türk Kofesi

Türk Kofesi

Türk kofesine mahsus däpleriň asyrlardan bäri üýtgemän dowam edip gelýändigini bilýäňizmi?

500 ýyla golaw wagt ozal Osman döwletine getirilen we çaltlyk bilen ýaýbaňlaşan kofe; taryhy, ady dakylan binalar, taýýarlanyşy, hödürleniş usuly we içilişi hem-de sosial gatnaşyklarda eýeleýan orny bilen türk medeniýetinde möhüm ýere eýedir.

16-njy asyryň başlarynda Kanuny Soltan Süleýman zamanasynda Müsüriň we Hijazyň zabt edilmeginden soň kofe Ýemeniň üsti bilen Stambula getirilýär.Gysga möhletde diňe bir köşkde däl, halk tarapyndan hem halanýar we ady şol içgiden gelip çykýan kofehanalar bütin imperiýada açylýar.

Kitap okalýan, edebi söhbetdeşlikleriň guralýan, küşt we nard oýnalýan şol ýerler gysga möhletde Osman döwrüniň jemgyýetçilik durmuşynyň esasy ýerlerine öwrülýärler.

Ýene şol döwürde Türkiýä gelen wenesiýaly tajirler kofe bilen tanyşýar we kofe, Osman imperiýasyndan ÝEwropa, ol ýerden hem bütin dünýä ýaýraýar.Emma türk kofesi taýýarlanyşy we hödürleniş usuy bilen dünýädäki beýleki kofe görnüşlerinden tapawutlanýar.

Türkiýede esasan kafeini saplanan çigit görnüşinde kowrulan we üwelen, ýa-da döwülen kofe ulanylýar.Lödereleri görnüşde bişirilýär.Süýji, orta süýjüli, az süýjüli ýa-da ýönekeý görnüşde taýýarlanýar.

Ol, biziň günlerimize hem üýtgemän gelen dünýäniň iň gadymy kofe bişirme usulydyr.Türk kofesi esasan suw we marmelad bilen bilelikde hödür edilýär.Kofäniň aşagynda galan we içilmeýan lödere, türk kofesine mahsus pal atma däbiniň hem ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr.

Löderedäki şekiller we çaşkada galdyrýan yzlary ýorup, kofe içen adamyň gelejegi hakynda çaklamalar edilýär.

Kofe hödür etmek türk däbiniň giňden ýaýran däplerinden biridir. Türk kofesi, durmuş toýlaryndan ozalky dabaralaryň aýrylmasyz bölegi bolup durýar. Gelen mihmanlara hökmany suratda edilýän hödür-kerem, sohbetlere ýoldaşlyk edýän içgidir. Baý medeni esasy bolan türk kofesi 2013-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Konkret däl medeni miras sanawyna goşuldy.

Ýene degişli makalalar

Gipoglikemiýa üçin käbir tebigy teklipleri
Her bulgurda tehnologiýa: Braziliýa kofe önümçiligini döwrebaplaşdyrýar
Lukman kofeden birbada ýüz öwürmezligi maslahat berdi
Yssy howada haýsy içgileri içmek maslahat berilmeýär?
Günorta Amerikadaky howa bilen bagly kofeniň bahasy 12 göterim arzanlar
Gubuzlyk üçin tebigy çözgüt teklipleri