Türk işewürleri Arkadag şäherindäki derman önümçilik toplumynyň gurluşygyna gatnaşyp bilerler

Türk işewürleri Arkadag şäherindäki derman önümçilik toplumynyň gurluşygyna gatnaşyp bilerler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen çarşenbe güni Arkadag şäherine amala aşyrylan saparda türkiýeli işewür toparlary Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ýanynda çagalar üçin niýetlenen dürli önümleriň, derman serişdeleriniň önümçiligi boýunça toplumyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyna häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäheri, onuň döreýiş taryhy, şäherde bar bolan desgalar hem-de olaryň binagärlik aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Rifat Hisarjyklyoglu bu ýerleriň amatly howa şertleriniň hem-de ekologik ýagdaýynyň ynsan saglygyna oňaýly täsir edýändigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çäginde Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, derman serişdelerini we çaga iýmitini öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek meýilleşdirilýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aprel aýynyň başynda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda aýtdy.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Halk Maslahatynyň Başlygy söwda toplumynyň sergisine baryp gördi
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistana geldi