Türk işçileri 12-nji iýulda, ýerli wagt bilen ir sagat 10-da Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasyň öňünde, üç ýyl bäri berilmeýän aýlyk haklarynyň haýal etmän etmän tölenmegini talap edip, ýene-de bir piket guradylar. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bu pikete 25 adamyň gatnaşandygyny, ol adamlaryň Türkmenistanda dürli desgalaryň gurluşygyna gatnaşyp,“Ajaýyp bina” atly türkmen firmasyndan almaly aýlyklaryny indi üç ýyl bäri alyp bilmeýändiklerini habar berýär.
Aýlyk haklaryny alyp bilmeýändiklerini aýdýan türk işçileri türkmen ilçihanasynyň öňünde mart aýynda hem protest çäresini gurnapdylar. Şonda türkmen ilçihanasynyň işgärleri duşuşyk barada öňünden ýazmaça ýüz tutmak zerurlygyna salgylanyp, düzgün-tertibi ýola goýmak üçin polisiýany çagyrypdy.
Mundan öňki maglumatlara görä, 2018-nji ýylyň 5-nji fewralynda Stambulda “Ajaýyp bina” firmasynyň ýolbaşçylary bilen aýlygyny alyp bilmeýän türk işçileriniň arasynda duşuşyk boldy we berginiň ykrar edilmegi baradaky ylalaşyga gol çekildi. “Şol wagt türkmen firmasynyň 25 türk işçisiniň öňündäki bergisi $332 müňdi. Şonda olara diňe $25 müň tölediler. 2018-nji ýylyň sentýabrynda işçilere ýene $30 müň, noýabrda $20 müň, şu ýylyň fewralynda bolsa $10 müň bergi tölendi".
Häzirki pursatda berilmän galan bergi $248 müň” diýlip, hukuk goraýjy guramanyň saýtynda çap edilen habarda aýdylýar.Türkmen häkimiýetleri adatça garaşsyz neşirlerde çykýan bergi habarlaryna reaksiýa bildirmeýär.Ekspertler Türkmenistanyň öz ýakyn taryhyndaky iň agyr ykdysady kynçlyklaryny başdan geçirýändigini aýdýarlar.
Megerem şu ýagdaý bilen bagly, Türkmenistanyň “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryna millionlap dollardan ybarat bergisiniň bardygy, üstesine, türkmen hökümetiniň Garlykda gurlan dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygy üçin hem bergisini berip bilmeýändigi hakynda habarlar çykdy.
Türkmenistan, synçylaryň pikiriçe, "o diýen oýlanyşykly görünmeýän gurluşyklar" bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen dürli problemalara, şol sanda algy-bergi dawalaryna hem köp uçraýar.Bu prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen iň uzak we ysnyşykly işleşen Erol Tabança ýa-da “Polimeks" türk kompaniýasy babatda hem şeýle boldy.
Aşgabatda Olimpiýa şäherçesini guran "Polimeksiň" ozaly Aşgabatda öňki täze aeroportyň ýerine gurlan has uly aeroportyň gurluşygynda eden işleriniň hakyny doly alyp bilmändigi barada maglumatlar çykdy, soň bu daşary ýurt kompaniýasy Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň gurluşygyny taşlap, ýurtdan çykdy.
Emma türkmen häkimiýetleri bu "dawalara" hiç bir düşündiriş bermedi.