Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär

Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär

Türkiýe, Ankara tarapyndan 2016-njy ýyldaky döwlet agdarylyşygy synanyşygy üçin jogapkär diýlip ykrar edilen din ruhanysy Fethullah Güleniň guramasy bolan “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Russiýanyň TASS habar gullugy Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demiroka salgylanyp, 15-nji iýunda habar berdi.

“FETO, biziň doganlyk, dil we dini gatnaşyklarymyzdan peýdalanyp, köp ýurtlary, şol sanda Türkmenistany nyşana aldy we uly torlary döretmegi başardy. Biz bu mekir gurluşyň hakyky tebigatyna düşünen we FETO mekdeplerini ýapmak bilen göreşimizi goldan doganymyz Türkmenistana minnetdardyrys” diýip, türk ilçisi aýtdy.

Rus neşiriniň habaryna görä, Demirok bu barada Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli 15-nji iýulda Aşgabatdaky türk ilçihanasynda geçirilen dabarada mälim etdi.

Türkiýede 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan bäri her ýyl bu senede Demokratiýa we milli jebislik güni bellenilýär.

“Biz Türkmenistanyň FETO garşy uzak möhletleýin göreşimizde Türkiýedäki doganlary bilen agzybirlik we raýdaşlyk ruhunda hereket etjekdigine tüýs ýürekden ynanýarys” diýip, TASS türk ilçisiniň sözlerini sitirledi.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda ýa-da ýurduň metbugat serişdelerinde haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.

Türk häkimiýetleri Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türk ruhanysy Fethullah Güleniň guramasynyň soňky 30 ýylda Türkmenistanda, Gyrgyzystanda, Gazagystanda, Özbegistanda, Täjigistanda, şeýle-de Azerbaýjanda we Mongoliýada açan mekdepler ulgamy arkaly Merkezi Aziýadaky täsirini giňeldip başlandygyny aýdýar.

Türk hökümeti 2016-njy ýylyň tomsunda Türkiýede bolan döwlet agdarylyşygy synanyşygy boýunça Fethullah Güleni we onuň yzyna eýerijileri aýyplady.

Bu wakadan soňra, Türkmenistan 2017-nji ýylda “Gülen hereketi” bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän 18 türkmenistanly raýaty uzak möhletli, jemi 333 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça Işçi topary 2018-nji ýylda bu 18 raýatyň “eden-etdilikli ýagdaýda tussag edilip, türme tussaglygyna höküm edilendigi” barada netijä geldi.

Mundan başga-da, 2017-nji ýylyň maýynda Azatlygyň ýerli çeşmeleri “Gülen hereketi” bilen ilteşikli bolmakda aýyplanyp, diňe Lebap welaýatynda azyndan 50 çemesi adamyň tussag edilendigini habar berdiler.

Azatlygyň habarçylary şol gabatlar ýurduň dürli künjeginde başga-da onlarça adamyň bu herekete ilteşikli bolmakda güman edilip, sorag edilendigi we häkimiýetler tarapyndan gynamalara sezewar edilendigi barada maglumat berdiler.

Galyberse-de, şu ýylyň maý aýynyň dowamynda “Gülen hereketi” diýilýän bilen ilteşikli bolmakda güman edilip, ýa-da emläklerini almak üçin matlaply aýyplanandyr öýdülýän, ýöne şu wagta çenli bilinmedik tussaglaryň ýene ikisiniň “jenaýat işi” hakynda Azatlyga maglumatlar gelip gowuşdy.

Bu maglumatlary anonimlik şertinde Azatlyga ýetiren tussaglaryň maşgalasynyň ýakynlary 2017-nji ýylda tussag edilen Muhtar Seýidowdan we Şatlyk Ýagmyrowdan ýedi ýyldan gowrak wagt bäri hiç hili habar alyp bolmaýandygyny, onuň nähili ýagdaýdygy barada maglumatyň ýokdugyny aýdyp, soňky ykbaly barada alada bildirdiler.

Türkmen häkimiýetleri ýokarda aýdylanlary häzire çenli ne inkär edýärler, ne-de tassyklaýarlar. Bu barada resmi media hem şu günki güne çenli dymyşlygyny saklaýar. Ýöne Aşgabatdaky türk ilçisiniň soňky beýanaty bu maglumatlary gytaklaýyn bolsa-da tassyklaýan ýaly bolup görünýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Gülen hereketi” bilen ilteşikli bolmakda höküm edilen tussagyň soňky ykbaly barada alada bildirilýär
'Gülen hereketi' bilen ilteşikli hasaplanyp, soraga çekilen mugallymlar täze basyşlardan gorkýar
'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
Mekdepler 'galplyk ojagyna' öwrüldi, çagalara jogapkärçiliksizlik öwredilýär
Ýaş prezident on aýda näme gowulyk etdi, nirede ýalňyşdy?
Ilki-ilkiler “bir millet iki döwlet” şygary bilen batlanan türkmen-türk gatnaşyklaryna gysga syn