Türk Howpsuzlyk Gullugynyň Transformasiýasy

Türk Howpsuzlyk Gullugynyň Transformasiýasy

Milli howpsuzlyk gullugynyň döredilmeginiň 97-nji ýyly, Türkiýäniň global geosyýasatda täsiriniň we üýtgeýän güýç dinamikasynyň subutnamasydyr.Türkiyäniň Howpsuzlyk gullugynyň 2010-njy ýyldan bäri eden ösüşleri az diýip boljak derejede däl.

Arap Baharynyň başlangyjy Türkiyäniň howpsuzlyk we strategik gurşawda uly özgerişlere sebäp döretdi we giň gerimli strategik özgertmeleriň zerurlygyny ýüze çykardy.Siriýadaky içerki urşyň çylşyrymlylygy, esasanam, döwletiň möhüm mümkinçilikleriniň ösmegini talap etdi.

Tapawutly asimmetrik howplaryň we terroryň artmagy sebiti razwedka söweş zolagyna öwürdi. Muňa jogap hökmünde Türkiye harby we razwedka strategiýalaryna ussatlyk bilen ýaňadandan gözden geçirdi. Prezident Erdoganyň öňbaşçylyk etmeginde strategiki ileri tutulýan ugurlar ýaňadandan kesgitlendi we razwedka ukyplary milli howpsuzlyk we daşary syýasat maksatlaryna laýyklykda özgerdildi.

EI. Indi bolsa SETA-nyň Daşary syýasat ylmy-derňew guramasynyň müdüri Prof.Dr. Murat Ýeşiltaşyň şu günki tema bilen bagly synyny siziň dykgatyňyza ýetirmekçi.

Türkiýäniň daşary syýasatda reaktiw aktýordan proaktiw aktýora öwrülmegi ünsleri özüne çekýär. Prezident Erdogan raýat-harby gatnaşyklaryny özgerdip, has täsirli we eýmendiriji harby çemeleşmäniň höweslendirilmeginde täsirli boldy. Bu strategiki ewolýusiýanyň esasy tarapy, garaşlylygy azaltmak we Türkiyäniň goranyş infrastrukturasyny ösdürip, öz-özüne ýetýän goranyş senagaty başlangyçlaryna ünsleri jemlemekdir. Razwedka gullugynyň rewolýusiýasy häsýetindäki üstünlikleri bu has giň strategiki kontekstiň aýrylmaz bölegidir.

Hakan Fidan tarapyndan ugrukdyrylan Türk howpsuzlyk reformasy birnäçe möhüm tapgyrda amala aşyryldy. Ilki bilen razwedka nyşanalarynyň ýaňadandan ugrukdyrylmagy, içerki razwedkadan has giň we giňişleýin daşary razwedka wezipesine geçilmegi boldy. Bu täze düzgünleşdirme adam razwedka resurslarynyň güýçlendirmegini talap etdi we Milli Howpsuzlyk Gullugynyň operatiw göwrümini möhüm derejede artdyrdy.

Ondan soň has utgaşykly we integrirlenen razwedka ekoulgamyny döreden gurluş taýdan düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Guramalaryň arasyndaky rollaryň we jogapkärçilikleriň ýaňadandan kesgitlenmegi bilen has toplumlaýyn razwedka çemeleşmesini aňsatlaşdyrdy. Milli Howpsuzlyk gullugynyň Prezidentlige birikdirilmegi bilen administratiw amallary ýeňilleşdirdi we Milli Howpsuzlyk gullugynyň netijeliligini we täsirini ýokarlandyrdy.

Razwedka mümkinçiliklerindäki tehnologiki ösüş, esasanam terrorçylyga garşy göreşde özgertmeleriň ýene bir özeni boldy. Mysal üçin Milli Howpsuzlyk gullugynyň özgerdilen uçarmansyz howa ulagynyň mümkinçilikleri terror toparlaryny örän gowşatdy we razwedka operasiýalarynda strategik özgerlişigi subut etdi.

Üýtgeýän güýç dinamikalary we artan geosyýasy dartgynlyklar bilen häsýetlendirilen häzirki dünýä, strategiki razwedkanyň möhüm ornuny görkezýär. Milli Howpsuzlyk Gullugynyň gibrid howplara garşy durmak we geljek ssenariýleri çak etmek ukyby, Türkiyäniň milli, sebitleýin we global arenadaky bähbitleriniň goralmagynda örän ähmiýetlidir.

Milli howpsuzlyk gullugynyň döredilmeginiň 97-nji ýylynda Ibrahim Kalyn, MHG-nyň ösýän razwedka doktrinasyna düşünmegiň möhümdigini aýtdy. Global çaknyşyklaryň barha artýan çylşyrymlylygyna, geosyýasy wakalary emele getirmekde tehnologiýanyň ähmiýetine we ýüze çykan köp polýar dünýä düzgünine ünsleri çekdi. Kalynyň täze güýç merkezleriniň we ýaranlyk gurluşlarynyň döredilmegi baradaky garaýyşlary, üýtgeýän global panorama bilen bagly düýpli düşünjäni görkezýär.

Türk howpsuzlyk doktrinasynyň merkezinde iki esasy ýörelge bardyr: özüni üpjün etmek we eýmendirmek. Kalyn, bu köpugurly howplaryň öňünde milli howpsuzlygyň we özygtyýarlylygyň goralmagynda şol ýörelgeleriň ähmiýetini nygtap geçýär. Şol çäkde razwedka, kiber howpsuzlyk, howanyň çalşygy, bioligiki howplar, energetika, azyk we ykdysady howpsuzlyk ýaly tapawutly ugurlary öz içine alýan has giň strategiki mümkinçiliklerden aýrylmaz.

Howplaryň ozaldan göz ýetirilmegi we azaldylmagy maksady bilen eýmendirmek örän möhüm bir maksat bolmaga dowam edýär. Bu çemeleşme MHG-nyň Türkiyäniň umumy howpsuzlyk gurallarynyň arasyndaky strategiki ähmiýetini güýçlendirýär.

Global dartgynlyklaryň artmagy bilen razwedkanyň diplomatiýadaky roly hem barha artýar. Türkiyäniň Siriýa, Yrak, Liwiýa we Garabag ýaly sebitlerdäki tejribeleri, razwedka öňbaşçylygyndaky diplomatiýanyň artan ähmiýetini görkezýär. Kalynyň ýolbeletliginde razwedka diplomatiýasy, asimmetrik howplaryň çylşyrymlylygyna we özgerýän global ýaranlyklara uýgunlaşyp, has kesgitli rol eýelemäge taýarlyk görýär.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy
ABŞ: "Russiýada ýogalan we ýaralanan Demirgazyk Koreýaly harby gullukçylar bar" diýdi
Krymdaky poligonlaryň birinde ýangyn çykdy
Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
Wan welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ysraýylyň Baş Ştabynyň başlygy: "Goşun 7-nji oktýabrda şowsuz boldy" diýdi