Türk Halkynyň Boş Wagty Ýok

Türk Halkynyň Boş Wagty Ýok

Oktaý Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Premýer ministri Ersan Saneri Stambulyň Dolmabahçe köşkünde kabul etdi.

“Kipriň daşary syýasatymyzda, Kipr türklerinin hem kalbymyzda aýratyn ýeriniň bardygyny her pursatdan beýan edýäris” diýen Oktaý; “Emma bu oňyn düşünje gynansgam hiç haçan Kipriň grek tarapynda oňyn beýan tapmady.

Kipriň türk halkynyň boş geçirmek üçin 50 ýyly ýok.Ony ençeme gezek gaýtaladyk we ýene-de bir gezek beýan edýäris.Adada häzirki wagtda iki sany deň hukukly halk, iki sany deň derejeli, özygtyýarly, garaşsyz döwlet bar” diýdi.

Türkiýäniň, DKTR-nyň degişli edaralarynyň Maraşda edýän başlangyçlaryny we mundan soňky meýilnamalaryny goldaýandygyny aýdan Oktaý; “Maraş başlangyjy halkara hukuga doly bap gelýär. DKTR-nyň degişli guramalary täze meseleleriň ýüze çykmagyny däl, bar bolan kynçylyklaryň ortadan aýrylmagyny isleýär” diýdi.

Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizinde alyp barýan uglewodorod gözleg we burawlaýyş işleri hakynda-da durup geçen Oktaý: Türkiýänin we DKTR-nyň eden başlangyçlaryny meçew beriji häsýetlendirmäge synanşýan düşünjä ýüzlenesim gelýär: Türkiýe hem öz kontinental şiftinde öz hukuklaryny, hem-de Kipr adasynyň deň derejeli eýesi bolan Kipr türkleriniň kanuny haklaryny we bähbitlerini goramakda ygrarlydygyny görkezdi.

Ol şu günki günde-de dowam edýär” diýdi.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Premýer-ministri Saner bolsa; “Ortaýer deňizinde “Mawy Watan” atlandyrylýan zolakda Türkiýe bilen DKTR-nyň tebigy gaz gözleg işleri ýokary depginde dowam eder. Türkiýe bize goldaw berdigi saýyn Gündogar Ortaýer deňizindäki tebigy gaz gözleg işlerimizi hiç kim bökdäp bilmez. Kipriň türk halkynyň ýitirerer ýene bir 50 ýyly ýok” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ýokarlandyrylýar
Ýer Titremesinde Ýogalanlarıň Sany 1541 Adama Ýetdi
Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany Artýar
Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 284 Adama Ýetdi
Oktaý Bolgar Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Fuat Oktaý Taýlandyň Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen duşuşdy
Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary