Türk Halky Palestina Goldaw Bermek Üçin Köçä Çykdy

Basyp alyjy Ysraýylyň Gazada başladan genosidi doly 1 ýyldan bäri dowam edýär.

Genosidiň birinji ýylynda Türkiýäniň 81 welaýatynda Palestina goldaw ýörişi geçirildi.

Onmüňlerçe adam Stambul şäheriniň Üsküdar etrabynda bir ýere jemlenişdi.

Ýörişde Gazada edýän gyrgynçylygy sebäpli Ysraýylyň mundan soň uly ýigrenç bilen hatyralanjakdygy nygtaldy.

Ýörişde Palestinanyň baýdagynyň reňklerinde çarlar uçuryldy.

Paýtagt Ankarada hem onmüňlerçe adam Gaza we Liwan üçin ýöriş geçirdi.

Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirlen ýörişde müňlerçe adam Gaza ünsi çekmek üçin köçelere çykdy.

Ýörişde “Ganhor Ysraýyl, Palestinadan çyk” diýlen şygarlar göterildi.

Protest ýörişinde Ysraýylyň harytlarynyň boýkot edilmegi üçin hem çagyryş berildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýada Oppozisioner Nawalnyýyň Ýogalmagyndan Soň Başlan Protest Ýörişleri Dowam Edýär
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Protest Ýörişlerini Dowam Etdirýär
ABŞ-da, Ysraýylyň Hüjümlerine Garşy Protest Ýörişi Geçirildi
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Ýöriş Geçirdi
Palestina Goldaw Ýörişleri Dowam Edýär
ABŞ-nyň Stambuldaky Başkonsullugynyň Öňünde Protest Ýörişi Geçirildi
Nobel Parahatçylyk Baýragynyň Eýesi Muhammed Ýunus, Bangladeşiň Wagtlaýyn Premýer-ministri Boldy