Türk Goranyş Firmalary IDEAS-2024-e Gatnaşýar

Türk Goranyş Firmalary IDEAS-2024-e Gatnaşýar

Türk goranyş senagaty pudagy boýunça iş alyp barýan firmalar, Pakistanyň Karaçi şäherinde şu gün başlan we 22-nji noýabra çenli dowam etjek Halkara goranyş sergisi IDEAS sergisine gatnaşýar.

Şu ýyl 12-njisi geçirilýän IDEAS 2024-e, dünýäniň çar tarapynda goranyş senagaty pudagy boýunça iş alyp barýan firmalar gatnaşýar.

2 ýyldan bir gezek geçirilýän we sebitiň iň uly goranyş sergilerinden biri bolan IDEAS-2024-e türk goranyş senagatyndan 21 firma gatnaşýar.

Türk goranyş firmalary sergide uçarmansyz gury ýer we howa ulaglaryny, sowutly ulaglaryny, ýarag, deňiz, elektronik ulgamlary we logistiki goldaw enjamlaryny tanyşdyrar.

Ýene degişli makalalar

NATO Agza Ýurtlaryň Goranmak Ministrleri Belgiýada Jemlenşer
Türkiýe Gämi Gurluşygynda Uly Ösüş Etdi
TÜRKPA-nyň Goranyş Komissiýasynyň Maslahaty Öz Işine Başlady
Prezident Erdogan Ýaşlar Bilen Duşuşyk Geçirdi
Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi