Türk dünýäsiniň umumy elipbiýi boýunça ylalaşyk gazanyldy

Türk dünýäsiniň umumy elipbiýi boýunça ylalaşyk gazanyldy

Merkezi Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde ýerleşýän Türk Akademiýasyndan berilen beýanatda, Türk Akademiýasy we Türk Dili guramasynyň hyzmatdaşlygynda 9-11-nji sentýabr aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Türki Dünýäniň Umumy elipbiýi komissiýasynyň 3-nji maslahatynyň geçirilendigi mälim edildi.

Beýanatda Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlardan ybarat Türki Dünýäniň Umumy elipbiýi komissiýasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň üstünlikli ýagdaýda tamam bolandygy bellenip: "Maslahatyň esasy maksady şol ugur boýunça eýe bolunan maglumatlary we komissiýanyň 2 ýyllyk işlerinden gazanylan tejribelerden peýdalanylyp, Türk diller üçin umumy elipbiý taslamasy bilen baglanşykly işleri netijelendirmekdi" diýip aýan edildi.

Maslahatda ilkinji nobatda 1991-nji ýylda alymlar tarapyndan teklip edilen Latyn harplarynyň esasyndaky Umumy Türk elipbiýi taslamasynyň giňişleýin görnüşde gözden geçirilendigi we komissiýanyň agzalarynyň şol elipbiý taslamasynda özgerdilmeli bolan ugurlar babatynda zerur bolan anyklaýyş işleriniň geçirilendigi aýdylýan beýanatda: "Bu yhlasly işiň netijesinde 34 harpdan ybarat umumy türk elipbiýi baradaky teklip boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Teklip edilýän elipbiýdäki her harp türk dillerinde tapylan dürli fonemalara wekilçilik edýär" diýip bellendi.

Ýene degişli makalalar

Türk dünýäsiniň umumy elipbiýi boýunça ylalaşyk gazanyldy
Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagynyň gerimine baha bermek üçin täze taslama taýýarlanýar
Türkmenistanda ilkinji gezek Harytlaryň Gümrük Koduny (HS Codes) onlaýn anyklamak mümkinçiligi döredi
Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Anyk Teklip taplanan aýnadan döwrebap duş kabinalaryny hödürleýär
Türkmenbaşydaky Çarlak myhmanhanasy döwrebap kinoteatry guramak boýunça teklipleriň kabul edilýändigini habar berýär