Türk Döwletleri Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň Maslahaty Bişkekde Öz Işine Başlady

Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde Türk Döwletleri guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 13-nji maslahaty öz işine başlady.

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň wekili Binali Ýyldyrymyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilýän maslahata, Türk Döwletleri guramasynyň Baş sekretary Bagdat Amreýew, geňeşiň agzasy Gyrgyzstanyň wekili Medetkan Şerimkulow, Azerbaýjanyň wekili Hasan Hasanow, Gazagystanyň wekili İkram Adyrbek bilen Özbegistanyň wekili Bahtiýar Saýfullaýew hem gatnaşýar. Türkmenistana bolsa Rejep Bazarow wekilçilik edýär.

Binali Ýyldyrym maslahatda eden çykyşynda 11-nji noýabrda Özbegistanda geçiriljek Türk Döwletleri guramasynyň liderler sammiti hakynda durup geçdi.

Ýyldyrym “Ilki sentýabr aýynyň 29-y bilen oktýabr aýynyň 2-si aralygynda Türkiýede Bursa welaýatynyň Iznik etrabynda Bütindünýä çarwa oýunlaryny geçireris. Şol oýunlary dünýäniň çar tarapyndaky ýurtlara tanatmagy we medeni taryhy jebisligimizi güýçlendirmegi maksat edinýäris” diýdi.

Binali Ýyldyrym, şol oýunlaryň geljekde Türk döwletleri we Türk dünýäsi üçin olimpiada oýunlaryna öwrülip biljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň ozalky Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aksakgallar geňeşine goşulandygyny aýdan Binali Ýyldyrym “Bu Aksakgallar geňeşini güýçlendirýän esasy başlangyçlardan biri. Gurbanguly Berdimuhamedowyň toparymyza goşulmagy biziň güýjümize güýç goşar” diýdi.

Türk Döwletleri guramasynyň Baş sekretary Bagdat Amreýew hem Ýewraziýa sebitiniň başdan geçirýän kynçylyklaryna ünsi çekip, “Dünýäniň we sebitimiziň sezewar bolan howplary we synaglary doganlyk Türk döwletleriniň arkalaşykly hereket etmelidigini görkezýär” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk Döwletleri Guramasynyň Ýaşulylar Geňeşiniň Maslahaty Bişkekde Öz Işine Başlady
Rejep Bazarow Gyrgyzystanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi
Aşgabatda TDG-nyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi
Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
“Indoneziýa Türkiýäniň Günorta Gündogar Aziýadaky Esasy Hyzmatdaşlaryndan Biri”