Türk dialektleriniň toparlara bölünişi

Türk dialektleriniň toparlara bölünişi

Bu gün biz size Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly täze gepleşigimizi dykgatyňyza ýetirmek isleýäris.Biz bu gepleşigimizde gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan, hat-da VII.VIII asyrlara degişli taryhy resminamalarda hem ösen dildigi subut edilen we häzirki günde 200 milliondan gowrak adam tarapyndan ulanylýan Türk diliniň şu günki ýagdaýy barada maglumat bermekçi.

Gepleşigimiziň ilkinji bölüminde Türk diliniň gysgaça taryhy, olaryň geografik we lingwistik esaslara görä klassifikasiýasy we häzirki günde haýsy geografiýalarda gürleşilýändigine ünsleri çekmek isleýäris.Nobatdaky bölümlerde bolsa nobat bilen häzirki günde gepleşilýän Türk dialektleriň tapawutlylyklarynyň üstünde durup geçmegi meýilleşdirýäris.

Dil, adamlaryň arasynda aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän iň esasy we tebigy guraldyr. Şol bir wagtyň özünde, öz kanunlarynyň çäginde ýaşaýan we ösýän janly barlykdyr. Şu nukdaýnazardan seredilende, dil milletiň şahsyýetini kesgitleýän iň möhüm elementleriň biri hökmünde kabul edilýär.

Şu günki gün ýeriň ýüzünde 7000 töweregi dil bardygy kabul edilýär. Olaryň arasynda gözbaşy ençeme asyra uzap gidýän, sungat, edebiýat, taryh, pelsepe we tehnika ýaly tapawutly ugurlarda özgeren we adamlaryň ösmegine we halklaryň barlygyna goşant goşan diller bardyr.

Şu gün günbatarda Balkanlardan gündogarda Ýuwaş okeana, demirgazykda Demirgazyk Buzly okeandan günortada Tibet dagyna çenli uzap gidýän giň territoriýada gürleşilýän Türk dili ýa-da Türkçe şolaryň biridir.

Türk dili Göktürk-Uýgur-Garahanly döwletleriniň çäginde ýeke-täk ýazuw dili hökmünde

barlygyny dowam etdirdi.Ondan soňky döwürde diliň öz tebigy gurluşyndan gözbaş alýan üýtgeşmeler bilen birlikde, tapawutly geografiki paýlanşyklar, tapawutly sosial-medeni töwerekler bilen aragatnaşyklar ýaly daşarky faktorlar bilen ähli dillerde bolşy ýaly Türk dili hem bir tarapdan üýtgedi, beýleki tarapdan bolsa şiwelere, dialektlere bölündi. Şoňa garamazdan, 20-nji asyra çenli umumy türk dilinde dialekt tapawudynyň derejesi beýle bir uly däldi. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda bu ýagdaý düýpgöter üýtgedi.

Häzirki wagtda 200 milliondan gowrak adam tarapyndan ulanylýan döwrebap türk dili, türkologlar we dilçiler tarapyndan geografiki we lingwistik esaslara görä 6 topara bölünýär. Şoňa laýyklykda emele getirilen klassifikasiýa:

Günorta-gündogar ýa-da Garlyk şahasy: şu günki gün esasan hem Özbegistanda we gündogar Türkistanda ulanylýar.

Demirgazyk-gündogar ýa-da Sibir şahasy: Sibirýa sebitinde ulanylýar.

Günorta-günbatar ýa-da Oguz şahasy: Türkiye, Gagawuziýa, Azerbaýjan, Eýran, Yrak, Owganystan we Türkmenistan sebitlerinde ulanylýar.

Demirgazyk-günbatar ýa-da Gypjak şahasy: Kawkaz, Krym, Tatarystan, Başgyrdystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Garagalpagystan we Altaý sebitlerinde ulanylýar.

Çuwaşlar tarapyndan wekilçilik edilýän Ogur şahasy: Wolga sebitinde ulanylýar.

Halaçlar tarapyndan wekilçilik edilýän Argu şahasy bolsa: Eýranda gürleşilýär.

Olardan daşary Demirgazyk-gündogar ýa-da Sibir şahasynyň düzüminde bolan Sary Uýgur türk dili bilen Günorta-günbatar ýa-da Oguz şahasynyň düzüminde bolan Salyr türk dili Hytaýyň günbatar sebitindedir. Mundan başgada Demirgazyk-gündogar ýa-da Sibir şahasynyň düzüminde bolan Fu-ýu türk dili bolsa Mançžurýa sebitinde barlygyny dowam etdirýär.

Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly täze gepleşigimiziň ilkinji bölüminde Türk diliniň gysgaça taryhy, olaryň geografik we lingwistik esaslara görä klassifikasiýasy we häzirki günde haýsy geografiýalarda gürleşilýändigine ünsleri çekdik. Nobatdaky bölümlerde bolsa nobat bilen häzirki günde gepleşilýän Türk dialektleriň tapawutlylyklarynyň üstünde durup geçmegi meýilleşdirýäris.

TRT TSR üçin Prof.Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň gözegçiligi astynda Saida Burkhanidinowa tarapyndan taýarlanan Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň ilkinji bölümini diňlediňiz. Nobatdaky bölümde duşuşýançak hoş sag boluň.

Ýene degişli makalalar

Saha Türkçesi - 1
Saha Türkçesi - 2
Tatar Türkçesi - 2
Uýgur Türkçesi
Çuwaş türkçesi
Fuýu Türkçesi