TRT Habar kanalynyň göni ýaýlymynda beýanat beren Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň kontinental şelfiniň günbatar serhedini kesgitleýändigini we BMG-nda bellige aldyrandygyny belläp, ol ýerde egilşik etmegiň mümkin däldigini habar berdi.
Soňky 1 ýylyň içinde grek tarapy we Gresiýanyň 9 gezek kontinental şelfi bozmak isländigini we käbirlerini diplomatik ýollar bilen öňüni alandyklaryny aýdan Çawuşogly: "Tutanýerliligimizi açykdyr we anykdyr. Ylmy-derňewmi? Türkiýeden rugsat alsaňyz bolup biler. Bu babatdaky pozisiýamyz hiç wagt üýtgemez. Kontinental şelfimizi gorap biljek güýje we tutanýerlilige eýediris" diýip aýan etdi.
Gresiýanyň ýaragsyz adalaryň statusyny üýtgedendigi üçin BMG-na iki hat ugradandyklaryny aýdan Çawuşogly: "Bu adalar Lozanna we Pariž ylalaşyklary bilen Gresiýa ýaragszylandyrmak şerti bilen berildi.Biz BMG-na ýazan hatymyzda Gresiýanyň ol adalarda ylalaşyklaryň düzgünleri bozýandygyny, Gresiýanyň ondan ýüz öwürmese şol adalaryň özygtyýarlylygynyň jedelleşige açyljakdygyny beýan etdik.
Sebäbi şertleriň düzgünlerini bozýarlar.Gerek bolsa soňky duýduryşlarymyzy bereris we şol jedelleşik başlar.Gresiýa aslyna garanyňda kabul edýär, nämemişin Türkiýe tarapyndan howp görýärlermişin we şol sebäpli düzgünleri bozýarmyşynlar.
Ada ýerleşdiren birnäçe esger we ýarag bilen howpyň öňüni alarsyňmy. Ýagny dogrusyny aýtmaýarlar" diýip habar berdi.