Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen duşuşyk geçirdi.
Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen geçirilen duşuşykdan soň beýanat beren Mewlüt Çawuşogly, ermeni kärdeşi bilen netijeli duşuşyk geçirendigini beýan etdi.
Iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin ediljek ädimleri maslahatlaşandyklaryny aýdan Çawuşogly: "Sarpa bilen aýtmak isleýän zadym, biz Günorta Kawkazda asudalyk we parahatçylyk üçin tagalla edýäris.Bu ugurdaky tagallalarymyzada ähli tarapdan goldaw berilýändigini görýäris.
Esasan hem Türkiýäniň we Ermenistanyň arasynda edilen ädimlerden we kadalaşma tapgyryndan Azerbaýjan hem hoşal.Azerbaýjan hem bu tapgyra goldaw berýär. Şonsyz hem sebitiň asudalygy we parahatçylygy ählimiziň peýdasyna.
Bu ugurda edilýän ädimleri etmäge dowam ederis.Bu babatda Ermenistanyň Daşary işler ministri bilen hem ylalaşyk gazandyk" diýip habar berdi.
Mirzoýan hem öz gezeginde deslapky şertsiz diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we serhetleriň ýaňadandan açylmagy tapgyryny dowam etdirmek boýunça ylalaşyk gazanandyklaryny beýan etdi.
Mirzoýan: "Sebitimizde parahatçylygynyň we durnuklylygynyň ýola goýulmagy üçin ähli goňşy ýurtlarymyzyň tagalla edýändigini görmek bizi şatlandyrýar we bu maksatnama boýunça Ermenistanyň hem goşant goşmaga taýardygyny aýtmak isleýärin" diýip belledi.
Mewlüt Çawuşogly Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozep Borrel bilen hem duşuşyk geçirdi.
Çawuşogly Borrel bilen toparara gepleşikler geçirdi.
Gepleşikleriň barşynda Ukrainadaky soňky hadysalar bilen Kipr meselesi ele alyndy,
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly düýn forumyň ilkinji gününde bolsa Somaliniň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlyklar ministri Abdisaid Muse Ali, Lýuksemburdyň Daşary işler ministri Žan Asselborn, Günbatar Balkan sebitleýin meseleler boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Belgrad-Priştina Dialogynyň ýörite wekili Miroslaw Laýçak, Gagauz awtonom zolagynyň başlygy Irina Wlah, Finlýandiýanyň Daşary işler ministri Pekka Haawisto, ÝB Komissiýasynyň goňşuçylyk we giňelme komissary Oliwer Warheýi bilen duşuşyklar geçirdi.
Geçirilen duşuşyklarda güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary ara alynyp maslahatlaşyldy.