Türk çaýynyň 4 aýlyk eksport girdejisi 10,4 million dollardan geçdi

Türk çaýynyň 4 aýlyk eksport girdejisi 10,4 million dollardan geçdi

Gündogar Gara deňiz Eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary we Çaý pudagy komitetiniň başlygy Şaban Turgut, ýylyň ilkinji 4 aýynda Türkiyeden 102 ýurda, awtonom we erkin söwda zolagyna çaý satylandygyny habar berdi.

Ady agzalan döwürde 2 müň 219 tonna çaý eksport edilip, 10 million 461 müň 225 dollar girdeji alynandygyny aýdan Şaban Turgut, Belgiýa, Beýik Britaniýa we ABŞ döwletleriniň iň köp çaý eksport edilen 3 ýurt bolandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk Çaýy 57 Ýurda Eksport Edilýär
Çaý Eksportundan 19,8 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
Çaý Eksporty 85 Göterim Artdy
Astanada Hazar konwensiýasyna gol çekiljegine 'ynanmak kyn'