Türk Çaýy 57 Ýurda Eksport Edilýär

Türk Çaýy 57 Ýurda Eksport Edilýär

Türk çaýynyň eksportundan ýanwar aýynda 1,2 million dollarlyk girdeji gazanyldy.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary we Çaý pudagy komitetiniň başlygy Şaban Turgut, üstümizdäki ýylyň birinji ýaýynda 57 ýurda we awtonom sebite çaý eksport edendiklerini aýtdy.

Turgut, ýanwar aýynda 208 tonna çaý eksport edip 1 million 267 müň 973 dollarlyk girdeji gazanandyklaryny belledi.

Eksport sanawynda Britaniýa 276 müň 32 dollar bilen esasy orun eýedi.

Sanawda Britaniýadan soň Belgiýa 176 müň 802 dollar bilen ikinji, Liwan hem 90 müň 216 dollar bilen üçünji oruny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Çaý Eksportundan 19,8 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
Türk çaýynyň 4 aýlyk eksport girdejisi 10,4 million dollardan geçdi
Çaý Eksporty 85 Göterim Artdy
Astanada Hazar konwensiýasyna gol çekiljegine 'ynanmak kyn'