Türkiýäniň Bozdag group kinokompaniýasynyň başlygy, meşhur kinorežissýor, prodýuser hem senarist Mehmet Bozdagyň surata düşürýän “Döreýiş: Osman” (“Kuruluş: Osman”) serialynyň esasy gahrymanlary Burak Özçiwit, Özjan Çagry Şensoý, Fatih Aýhan, Ýigit Uçan, Murat Bonjukçu ýaly sungat ussatlary ýurdumyzda saparda bolarlar.
“Arkadagyň säheri” atly film festiwalyna gatnaşjak türk kinokompaniýasynyň wekilleri özleriniň jemgyýetçilik torlarynda bu möhüm sungat forumyna gatnaşjakdyklaryny mälim etdiler.
Meşhur kinorežissýor, prodýuser hem ssenarist Mehmet Bozdag “Kuruluş: Osman” serialynyň aktýorlaryndan ybarat bolan fotosuraty öz jemgyýetçilik torunda paýlaşdy. Şeýle hem ol jemgyýetçilik torunda Arkadag şäherinde geçiriljek festiwalyň adyny hem-de wagtyny görkezipdir.
Bozdag bu surat bilen “Türkmen halkyna özümiň çuňňur hormatyny bildirýärin” diýen ýazgy hem ýerleşdiripdir.
Serialda surata düşýän sungat ussatlary hem bu suraty öz jemgyýetçilik torunda paýlaşyp, köp sanly türk doganlarymyzy ýurdumyzda geçiriljek film festiwaly barada habarly etdi.
Arkadag şäherindäki film festiwalyna gatnaşjak türk sungat ussatlary Mary welaýatynda bolup, Beýik Seljuklar döwletiniň dörän ilkinji mekany bolan Gadymy Merw topragyndaky saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna hem aýlanyp görmegi meýilleşdirilýär.
Türkiýe myhmanlar üçin Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary hem guralar.