Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi bilelikde gurnamagynda Türgenleriň ýeňişi Bitaraplyk baýramyna ajaýyp sowgat ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir gününiň taryhy wakalara, uly ösüşlere beslenýändigini, halkara Bitaraplyk toýunyň 28 ýyllyk baýramyna ähli pudaklarda zähmet çekýän hünärmenleriň belent zähmet üstünlikleri bilen barýandygyny, şeýle-de ýaşlarmyzy watançylyk, belent ynsanperwerlik ruhynda we asylly milli ruhy-ahlak ýörelgeler esasynda terbiýelemek, beden taýdan taplamak we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmek, ýurdumyzyň öňde goýýan meseleleri bolup durýandygy, şeýle-de bagtyýar we ruhubelent ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň görüm-göreldesine eýerip sagdyn durmuş ýörelgesini özlerine ýol-ýörelge edinendiklerini beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Aşgabat şäherimizde Kuraş boýunça geçirilen 14-nji dünýä çempionatynyň dabaraly ýagdaýda ýokary guramaçylyk esasynda geçirilmegi, şol çempionata bolsa ýurdumyzyň ýaş türgenleriniň gatnaşyp ýokary baýrakly orunlara eýe bolmagy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarmyzyň kuwwatly edermen beden we ruhy taýdan sagdyn kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanýan ýaşlarymyz bu günki gün ýurdumyzyň ýaşyl Tuguny al asmanda parlatmagy aýratyn buýsançly wakadygyny belläp geçdiler.