Türkmenistanda bir aýdan gowrak mundan öň koronawirus çäklendirmeleri ýatyrmaga başlanypdy we sebitler arasyna ulag gatnawlary täzeden ýola goýuldy.
Emma, çäkli uçar we otly gatnawlary ýetmezçilik edýär.Owalky maglumatlara görä, demir ýol biletleriniň ýetmezçiliginden alyp-satarlar peýdalanýarlar.
Hatda, uçar gatnawlary hem ýetmezçilik edýär. 23-nji iýuna Aşgabatdan Türkmenabada biletleri bolan ýolagçylar uçardan düşürildi. Olaryň ýerleri türgenler toparyna berildi.
Uçup bilmedik ýolagçylara biletleriniň nyrhy resmi bahadan yzyna berildi.Emma, Lebaba gyssagly gitmeli bolanlar üçin meseleler ýüze çykdy. Aşgabatdan Türkmenabada otlylar hepdäniň birinji ýarymynda gidýär.
Şeýlede sebitleriň arasyna awtobus gatnawlarynda hem çylşyrymly ýagdaýlar bar.Meselem, Mara,Baýramala we Tejene awtobuslar täze terminaldan däl-de, Gäwers şäherçesinden ýola düşýärler.
Paýtagtdan 30 kilometr uzaklykdaky Gäwerse ýolagçylar öz hasabyna aşmaly. Şol bir wagtda,ýolagçylar we awtobus sürüjiler merkezde şertleriň ýokdygyndan şikaýat edýärler.Ol ýerde ýolagçylar üçin garaşylýan otag, hatda, oturgyçlar hem ýok.
Kassalarda iş sagatlary ýazylmaýar. Şeýlede awtobuslaryň hereketi we biletleriň bahasy barada ygtybarly maglumatlar ýok.
Awtobus duralgalarynda gidilýän ýerleriň atlary ýok we bilet satyn alan ýolagçylar awtobuslaryny gözläp aýlanýarlar. Haçanda, ýolagçylar öz orunlaryny eýeländen soňra, sürüjiler pasportlary hem barlaman ýene 10-15 adamy awtobusa goýberýär.
Kassir ol ýa-da beýleki ugurlara biletleriň bahalaryny bilet satyp başlamazdan az wagt galanda, yglan edýär. Bilediň nyrhy günüň dowamynda üýtgäp biler. Onuň nämä baglydygy belli däl.
Şol bir wagtda, haçan “TH-niň”habarçysy awtobus merkezinde bolanda, Mara bilediň bahasy 40 manada deňdi.
Bilet diňe pasport bilen satylýar. Emma, biletde ne gitjek ýeriň ady,ne-de oturjak ýeriň sany görkezilmeýär.
2-nji iýulda “Türkmenportal” içerki uçar gatnawlarynyň artdyrylandygyny habar beripdi. The post Türgenler üçin ýolagçylary uçardan düşürdiler, awtobuslar gündogardaky sebitlere Aşgabadyň eteklerindäki şäherçeden gidýärler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.