Tükmenabadyň hem-de Wolgogradyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda onlan-duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) Konsullygynyň ýardam bermeginde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty (TDMI, Türkmenabat ş.) bilen Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersitetiniň (WDSPU) arasynda onlaýn-duşuşyk geçirildi.

Bitarap Türkmenistan mümkinçilikleriň we ösüşiň merkezi temasyndan bilelikdäki çärä bu ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de professor-mugallymlar düzümi gatnaşdylar.

Onlaýn-duşuşyk WDSPU-nyň rektory, professor A. Korotkowyň we TDMI-niň rektory G. Muhammedowyň çykyşy bilen açyldy. Taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň köpugurly, şol sanda bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýete eýedigine ünsi çekdiler. Şu jähtden hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Webinaryň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň parahatçylyk medeniýetini ilerletmekdäki we durnukly ösüşiň bähbitlerine halkara derejesinde oňyn gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti bellenildi. Ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazananlaryny görkezýän wideoşekiller tematiki duşuşyga özboluşly röwüş berdi.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanyň Howa Ýollary, Astrahana Guraýan Uçar Saparlaryny Bes Etdi
Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirdi
Wolgogradda türkmen ýaşlaryndan foklor topary we futbol topary döredildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Ylym we bilim
16.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Ylym we bilim
A. S. Puşkin adyndaky teatryň işleri Astrahanyň we Wolgogradyň sahnalarynda görkeziler