TDH-nyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşigi (TSTB) geçen ýyl ýurduň arheologlarynyň geçirýän gazuw-agtaryş işlerini mäliýleşdirmäge başlady.
Hususan-da, Ylymlar akademiýsaynyň arheologiýa we etnografiýa institutynyň hünärmenleri guramanyň goldamagynda Şähriyslamda Ahal bilen Horezmiň arasyndaky söwda şäherinde gazyp-gataryş işlerini geçirmegi başardylar.
Neşiriň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häzir ýitirilen görünşdäki şäher hakynda öz kitaplarynyň birinde “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda durup geçýär.Bu kitap 2017-nji ýylyň güýzünde jemgyýetçilige tanyşdyryldy we onuň ady 2018-nji ýylyň şygary boldy.
TSTB-niň gazuw-agataryş işleri üçin beren pulunyň möçberi anyklaşdyrylmaýar.
Belleýäris, ozal Türkmenistandaky meden-taryhy ýadygärlikleri dikeltmek we öwrenmek işlerini ABŞ-nyň ilçihanasy maliýeleşdirýärdi. 2001-nji ýyldan bäri medeni we taryhy mirasy gorak saklamak boýunça umumy bahasy $1,5 milliondan gowrak serişdä düşen 25 proýekt üstünlikli durmuşa geçirildi.
Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçisi Allan Mastard 1-nji noýabrda, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Ilçileriň medeni mirasy goramak boýunça gaznasy” (AFCP) programmasynyň maliýeleşdirimeginde medeni mirasy gorap saklamak baradaky taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşmak üçin, Daýahatyn kerwensaraýyna guralan ekspedisiýa ýolbaşçylyk etdi.
2018-nji ýylyň maýynda Gadymy Merwde Kiçi we Uly Gyzgala ýadygärliklerini bejermek we gorap saklamak boýunça proýekt tamamlandy.
2017-nji ýylyň dekabrynda Milli konserwatoriýa bilen bilelikde gadymy türkmen sazlarynyň ýazgylaryny dikeltmek we sanlaşdyrmak boýunça taslama tamamlandy.
2016-njy ýylyň noýabrynda ABŞ-nyň goldawynda Türkmenistandaky Daýahatyn kerwensaraýynyň bejeriş-dikeldiş işleri tamamlandy.