TSTB-niň ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi işe girizildi

TSTB-niň ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi işe girizildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi öz işine başlady we onuň maksady ýurtda işewür başlangyçlary goldamakdan ybaratdyr. Bu barada Halkara habarlar merkezi çarşenbe güni habar berdi.

Bu merkez işewür taslamalaryň guramaçylyk-hukuk, maliýe-ykdysady we ekologiýa meselelerinde bilermen goldawyny berer.

Şeýle hem merkezde maýa goýumlary çekmek, taslamalary durmuşa geçirmegi ilerletmek we işewürlik üçin amatly şertleri döretmek boýunça maslahatlar berler. Bu hyzmatlar telekeçilere, ýuridiki şahslara we raýatlara hem elýeterli bolar.

Merkeziň hünärmenleri ykdysady dolandyryşyň, hususan-da, gümrük gözegçiliginiň we salgyt ulgamynyň meseleleri boýunça maglumat hyzmatlaryny hödürlär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň we Mary welaýatynyň golaýynda täze senagat zolaklaryny döretmek meýilleşdirilýär
Türkmen telekeçisi “Ak çeşme” haryt nyşanly mesge ýagyny öndürip başlady
TSTB-niň ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi işe başlady
Aşgabadyň okuw merkezleriniň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşik geçirildi
6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Aşgabatda ýaş telekeçiler üçin tölegsiz okuwlar