TSSR-iň at gazanan artistkasy Nina Alekseýewna Şumskaýa aradan çykdy

29-njy dekabrda Sankt-Peterburgda, sahna weteranlarynyň S.G.Sawina adyndaky öýünde TSSR-iň at gazanan artistkasy Nina Alekseýewna Şumskaýa aradan çykdy.

Nina Alekseýewna 1927-nji ýylyň 3-nji maýynda Stalingradyň etegindäki Kaýsaskaýa stansiýasynda dünýä indi. 1932-nji ýylda, açlykdan aman galmak üçin, maşgalasy bilen Aşgabada göçüp geldi.

Nina Aşgabatda mekdebi tamamlady, saz uçilişesine okuwa girdi.Uruş ýyllarynda, haçanda Aşgabada ýaralylar ýüklenen eşelonlar gelende, Nina joralary bilen söweşijiler üçin çeper höwesjeňleriň çykyşlaryny gurnady.Nina uruş gutaran badyna Moskwadaky konserwatoriýa girmegi teklip etdiler.

Ol 18 ýaşyndady.Ol konserwatoriýany tamamlap, paýtagtda işe başlap bilýärdi.Ony Moskwanyň akademiki sazly teatryna çagyrdylar.Emma 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan aýylganç ýer tirtremesinde onuň garyndaşlarynyň we ýakynlarynyň köpüsi wepat boldy.

Nina Alekseýewnanyň diňe gartaşan ene-atasy galdy.Onsoň ol Aşgabada dolandy.

Opera karýerasyna 1953-nji ýylda, Magtymguly adyndaky Akademiki opera we balet teatrynda başlady.Hemmeler onuň jadyly sesiniň, owadan we güýçli liriki owazynyň bardygyny bellediler.D.Şostakowiç onuň talantyna guwanyp, oňa gadymy stol sagadyny sowgat berdi.

1980nji ýyllaryň ortasyndan başlap, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazly uçilişesinde wokaldan sapak berdi.

Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumy ýokary ussatlygy we sungaty ösdürmekde goşan goşandy üçin oňa “Türkmenistan SSR-niň at gazanan artitkasy” diýen hormatly ady dakdy. 1996-njy ýylda Sankt-Peterburga göçdi we sahna weteranlarynyň Öýünde ýerleşdi.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Aşgabatda Arap gijesi şüweleňli tomaşasy ýene-de öz muşdaklaryna garaşýar
21.07.2019 | Saglygy goraýyş ulgamynyň tapawutlanan işgärlerine Türkmenistanyň halk lukmany ady dakyldy
Saglygy goraýyş ulgamynyň tapawutlanan işgärlerine Türkmenistanyň halk lukmany ady dakyldy
Puşkin adyndaky teatrda nusgawy eseriň premýerasy boldy
Iň köp medally gimnastikaçy